sahet_ashyrov
13.09.2022 08:31
Alnyňda durandyr perişan halym
Endigime görä geçip gaşyňa
Içgin içgin sorandyryn
Ahwalyň

Belki görüp arasynda güllerim
Näler begenensiň ýüregim päkdir
Ejejan kesel çeýnän näzik elleriñ
Sygyr sagmanada ysgyny ýokdur.

Şol gaýtalap bolgusyzja hökümin
Ah seni garradar garradar gaty
Bir tarapdan iñirdisi kakamyñ
Bir tarapdan ogullaryñ haýbaty.

Onda karar tapman dertli janyña
Meni küýsäp menzillerden aşarsyñ
Men hökman bararyn seniñ yanyña
Sen penakär ýyldyzyña duşarsyñ.

Säher çagy penjiräni açdyñmy
Ýolun yzlap öz bagryñdan öneniñ
Ýa şu mahal men ýadyña düşdümmi
Ejejan
Seni bir wagt ynjytdymmy dönenim.
7
104
sahet_ashyrov
13 Sentýabr 2022
YGurbanaly23,belki sen bilyansiñ
ylham_gurbanaly
13 Sentýabr 2022
Gaty tanyş awtor
sahet_ashyrov
13 Sentýabr 2022
garlawaç,bilmedim awtoruny bilemok son ucinem yazmadym
Sayida
13 Sentýabr 2022
Eger çagalyk edip göwnüñe degen bolsam, Ot günämi ejemjan, öt günämi mähriban! ( aydymdan)
gulserem
13 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.