Dünýä boýunça ilkinji iñ inçe mexanizm goşar sagady...
«Richard Mille» bilen «Ferrari» bilelikde dünýäde iň inçe «Ferrari» sagadyny döretdiler. Onuň ady «RM UP-01 Ferrari» bolup, bahasy 1,888 million dollara barabardyr. Täsin sagadyň dünýä boýunça 150 sany nusgasy dörediler.
Bu sagadyň esasy aýratynlygy galyňlygynyň bary-ýogy 1,77 millimetrligindedir. Birnäçe ýyllap döredilen sagat titandan, alýuminden we wanadiýden ýasalan.
Inçeligine garamazdan, ol 5000 g agrama çydamlydyr. Şeýle-de «Ferrari» sagady suw geçirmeýändigi bilen tapawutlanýar.