Sary meňzi ýar roýuna kybap güýz,
Zer jähekli donuň geýip geldiňmi!
Ikimizem ýagşylyk diýp kebap, güýz,
Ýaz ilimi göreý diýip geldiňmi!
Aýlanaýyn oýa batyp durşuňa,
Tylla zülpüň egne atyp durşuňa,
Zer çaýyplar paýhas diýen gurşuna,
Çasly gülkülerňi goýup geldiňmi!
Bu dünýede gaýyk kimin yrandym,
Gahar etdim, ýuwaşadym, ynandym,
Seniň tämizligiň peýmanym-antym,
Ýa meni halymy duýup geldiňmi!
Aýralykdan gara gözler girýandyr,
Ejizleseň, suw-sil edip barýandyr,
Gel, solgun gözlermi şugladan gandyr,
Ýa senem ýüregi köýük geldiňmi!
Seni görüp bir tisgindim, oturdym,
Bolany-geçeni aňdan ötürdim,
Manysyna soň düşülýän setirsiň,
Ýa-da Magtymgula uýup geldiňmi.
Mämmetnazar Babanazarow