Doly okañ gaty gyzykly!
1) Türkiýäniň THY (Türk Howa Ýollary) kompaniýasynyň Stambul-Mançester gatnawyny amala aşyrýan uçarynda nigeriýaly bir ýolagçy lukmanyň we uçarbeletleriň ýardamy bilen gyz bäbegini dünýä inderdi. Angliýanyň Mançester şäherine barýan uçarda Nweke Ifeoma atly zenanyň burgusy tutup başlady. Uçarbeletler göwreli zenany başga bir bölüme geçirdiler. Şeýle hem ýolagçylardan lukmanyň bardygy barada soraldy. Netijede, sagdyn ýagdaýda dünýä inen bäbegiň göbegi uçarda kesildi. Soňra bolsa, uçar Awstriýanyň paýtagty Wena gondy. Bu ýerde nigeriýaly zenan bilen bäbegini saglygy goraýyş işgärleri kabul edip aldy. Olar hassahana äkidildi. Şeýle ýagdaý seýrek ýagdaýda bolsa hem gabat gelýär.
Adatça uçarbeletler ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin degişli okuwdan geçýärler.
2) Hytaýda spreý (pürkmek) arkaly dem almak bilen kabul edilýän “Covid-19” sanjymy hasaba alyndy. “CanSino” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan sanjymyň düzüminiň adaty sanjym bilen meňzeşdigi habar berildi. Spreý arkaly zyýansyz adenowirusyň içinde koronawirusyň genetiki kodunyň bir bölegi adam bedenine geçirilýär. “Convidecia Air” atly sanjym bug hökmünde dem alyş ýoly arkaly bedene kabul edilýär. Bu sanjymy ýeke özi edilmek üçin däl-de, “ýatladyjy” (esasy sanjymyň täsiriniň azalyp başlamagy bilen edilýän ikinji we ondan soňky sanjymlar) doza hökmünde ulanmak üçin tassyklandy.
Köp ýurtda güýz aýlarynda “ýatladyjy” dozalaryň urulmagy maksat edinilýär.
Häzirki wagtda spreý görnüşli sanjym ABŞ-da, Angliýada we Türkiýede hem taýýarlanýar.