ylham_gurbanaly
09.09.2022 08:43
Hawa! Tamam boldy, gutardy bary,
Men baky unutdym eziz topragy .
Indi meň depämde kakmaz-la tary,
Derekleriň altyn şelpe yapragy.

Garry itim ölüp gitdi gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym.
Meni Moskwanyň dar köçesinde,
Şum ajala buýran eken Hudaýym .

Şonda-da söýgi kän bu ýerde mende,
Goý, ol köne bolsun, goý, bolsun harap.
Onuň gyzyl täçli gümmezlerinde,
Göyä altyn Aziýa ýatyr meýmiräp.

Gije asman Ayy bakanda gülüp,
Wah , kim habar alýar onuň halyndan.
Men gidip barýaryn başymy salyp,
Tanyş meyhanama, tanyş yolumdan.

Ol näletli ketek - mesgen köplere,
Tä daňa çen dowam edýär güpürdi .
Goşgy okap berýän men jeleplere,
Hem banditler bilen urýan spirdi .

Ýürek bolsa bökýär, gaçýar mejaly,
Başlaýan ýerliksiz sözler aýtmaga :
"Menem bir gutaran edil siz ýaly ,
Indi ýol ýok mañňa yza gaýtmaga ."

Garry itim ölüp gitdi , gör , kanda ,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym ...
Meni Moskwanyň dar köçesinde,
Şum ajala buýran eken Hudaýym .


Terjime eden: Nury Baýramow
11
66
gulserem
9 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.