Euronewstkm
09.09.2022 00:18
On ýyl ozalky taslamasyny gaýtadan dikelder.Tehnologiýa dünýäsiniň iri kompaniýalarynyň biri bolan “Google” täze, giňeldilen “hyýaly hakykat” äýnegini hödürlär. Metawers düşünjesiniň peýda bolmagy bilen wirtual äýnekler birnäçe ýyl ozalkysy ýaly gaýtadan meşhur bolup başlady. 2012-nji ýylda hödürlenen “Google Glass” ilkibaşda uly gyzyklanma döreden hem bolsa, bu “akylly” äýnekler garaşylýan netijäni bermedi. Şeýlelikde, bu taslama 2015-nji ýylda togtadyldy. Indi bolsa “Google” bu taslamany metawers düşünjesi bilen täzeden hödürlär. “Project Iris” atly taslamanyň çäklerinde taýýarlanýan äýnek 2024-nji ýylda peýda bolar. Bu äýnekde “Google” tarapyndan öndüriljek ýörite prosessor bolar. Giňeldilen hakykat äýneklerinde “Android” amaly ulgamynyň ýöriteleşdirilen görnüşi hem ulanylar. Kompaniýa “Iris” taslamasyny durmuşa geçirmek üçin döredilen toparyň düzümini hem giňeldýär.Şeýle taslamalaryň birini taýýarlaýan “Apple”-iň wirtual äýneginiň 2022-nji ýylda hödürlenmegine garaşylýar.
9
60
ideallider
9 Sentýabr 2022
Ok oň bolsun👍
gulserem
9 Sentýabr 2022
👍👍👍👍🙂
Euronewstkm
9 Sentýabr 2022
RUNÍA,howa
RuníA
9 Sentýabr 2022
Täze ýyla golaý hödürlener...👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.