abdy_dayy
08.09.2022 15:29
ÖÇE BAŞLADY

"Demirler asmanda ganatlap uçar"
Magtymguly Pyragy

Pyragym bak, sozüñ öz ýerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady,
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Ýigidi onuñ üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol gecen günler,
Güller özge ýigdi guça başlady.

Mergen bir çüýşäniñ açdy gapagyn,
Sypap, ýanyndakyñ uzyn gulpagyn,
Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin,
Bar aýbyny ile aça başlady.

Süýtden doly göwsün sorup enäniñ,
Soñundan üssüne üýrüp enäniñ,
Garrandygyn duýup bu perişdaniñ,
Perzentler assadan gaça başlady.

Ownaýar erkekler ýene bir rast söz,
Garynlar doýsa-da, açdyr gara gözler,
Bir näzik zenana gelip ýürek döz,
Ýigitler boş anty içe başlady.

Kerim ýazar emma, däldiris şahyr,
Her ynsandan şahyr, çykanok ahyr...
Ele galam alyp, her ýeten jahyl,
Ýazdy, poezýamyz öçe başlady.

AWTORY: KERIM HALLYÝEW......
30
129
Neo
11 Sentýabr 2022
Shamko, 😊 das etdin
abdy_dayy
10 Sentýabr 2022
Shamko, dogry 👍🏻
abdy_dayy
10 Sentýabr 2022
Shamko, dos kerimin men in sonky postymy okap gordunmi birinji gora name hakynda oka naha ber nahili ucn seyle
abdy_dayy
10 Sentýabr 2022
Oglanlar hemmanizem gow gorya menem onki kerim magtymguly yaly sahyrlary gawgoryan yone siz at dakman olar ol dowrun sahury bular bul dowrun sahyry
Neo
10 Sentýabr 2022
Shamko, dislayk basan men dallirin men layk bassym 🙂
Neo
10 Sentýabr 2022
Shamko, gowdalda 😐
Neo
10 Sentýabr 2022
Shamko, 🙂 hakyky sozuni ayyr dos
Myhman Myhman
10 Sentýabr 2022
Hakyky şahyr Kerim Hally
abdy_dayy
9 Sentýabr 2022
Mb06, 👍🏻
Mb06
9 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.