1. Bahar aýy atasy 4 agtygyny alyp, kömelek
ýygmaga gitdi. Kömelekli meýdanda olaryň her haýsy dürli taraplara gitdiler. Birsalymdan atalary ýadap oturdy we tapan kömeleklerini sanady. Ol 45 sany kömelek tapypdy. Atalarynyň oturanyny görüp agtyklary onuň ýanyna ylgaşyp geldiler. Olaryň özleri kömelek tapmansoňlar, atasyndan tapan kömeleklerinden özlerine bermegini soradylar. Atalary öz tapan kömelekleriniň ählisini agtyklaryna paýlady. Çagalar ýenede kömelek gözläp, dürli taraplara ýörediler. Şonda çagalaryň biri 2 kömelek tapdy, beýlekisi bolsa 2 kömelek ýitirdi, üçünjisi atasynyň bereni ýaly kömelegi
tapdy, dördünjisi bolsa atasynyň beren kömelekleriniň ýarysyny ýitirdi. Çagalar öýlerine gelip kömeleklerini sananlarynda olaryň ählisiniň kömelekleriniň sany deňdi. Oglanlaryň her birine atasy näçe kömelek beripdir? Olar öýlerine gelende çagalaryň her haýsynda näçe kömelegi bar eken?
2. Iki agaçda 16 serçe otyr. Ikinji agaçdan 2 serçe uçup gitdi, soňra birinji agaçdan ikinji agaja 5 serçe uçup bardy. Ondan soňra agaçlaryň her birinde şol bir sanly serçeler boldy. Agaçlaryň her birinde ilkibaşda näçe serçe bar eken?