Habary kimden al, birnäçe gün bäri ýadawlyk bilen söweşip ýören Melikeden al.Ol agzalara bagyşlap bir zatlar samran bolupdyr, gör bak näme ýazarka:
...Men size obamyzyň ýaşaýjylary barada gürrüň bermekçi :
Ine obamyzyň gaýrasynda Gülşat (Gülşat Ataýewa) atly bir gelneje bar.Ol gaty mähirli.Gyz gerek bolsa habarlaşaýmaly, nyrhy bilen oňuşyp, toýa çenli düzedip berýär.Onuň bilen goňşy bolup ýaşaýan Gülhanym (❤GÜLHANYYM❤) mylakatly, salyhatly, syrly gyz.Onuň aňyrja ýanynda Roma (IDEALLIDER) ýaşaýar.Ol oglan dogruçyl, ýöne biraz gödegräk.Aý ýöne ýasama sujuklykdana gowy.Aýtýan zatlaryna düşünjek bolsaň, alymlyk derejäň ýa-da psihator bolmagyň zerur.Bu obada 11 ýyl bir partada zordan çydap oturan synpdaşym Jennediň (CrazyGirl) heniz bagty açylman otyr.Aýý olam gaty betdä.Eşitdirmeklerinä görä,häzir ol harby bölümde maýorlyk derejesine ýetipdir.Bilemok nädip ýetenni, belki olaram gorkuzyp, urup geçendir.Synpdakagam iň ýaramaz okuwçymyzdy, oglanlaň saçyna sakgyç ýelmeşdirip ýörendir.Enesiniň tm şapbatlaram şoňa täsir edenog-aý.Onuň Myrataly (Myrataly) diýip jigsi bar.Biraz iňňirdiräk.Ýöne zato salony gowy diýeniňki ýaly, zato adamçylygy gowy.Göçüp gelenine köp wagt bolmasa-da, goňşulara özüni aldyryp bilen gyzymyz bar Mamajan (Süsen) diýip.Gürläp başlasa Hudaý saklasyn, adam boluba saklap bolonok.Barjak oglanyna žalka, pul berip özüne bela satyn aljak-da.Obamyzyň aşpezi Merjeniň (Ovezova) bişirýän kökejiklerini iýip doýup bolonok.Kökejikleriň ysy tutuş oba ýaýraýar.Adam pahyryň gözi doýsa-da, garny doýmaýar eken.Gülhan (Gülhan) bilenem gatnaşygymyz gowy.Köplenç özüm oturmaga barýan.Barmasyna barýanam welin, eline kitabyny alyp,maňa-da goşgy okamaga başlaýar.Oda hiiç.., okaýan goşgulara gynançly, şolardan begenip çykan gezegim 1 ýa 2 gezekdir.Agras häsiýetili, asylly gyz.Resul (🔱лев🔱) dellekçi adyna alan ýaş ýigdimiz Ylham (Ylham1989) agaň toýunda saçyny darapdyr.Şoldyr-şoldyr, iş ýeriniň adamsyz wagtyny göremok.Oo toýuň soňunda ýaşlar gül zyňýar-a, bilýäňmi ? Ana şoňa känbir ynanyp baramokdym welin, Ylham agaň zyňan gülüni Esger (Esger.80) gapdy.Tüweleme olam öýlendi şeýdip.Indem hoş habara, buşluga garaşyp otyrlar.Hool aňyrrakda Jemal (°•°•°Nusga°•°•°) diýibem gyz bar.Tüweleme salamçyl.Gören ýerinde salam berýär.Jan ýaljak synpdaş jorasy Bägül (Moana) gönümel gyz.Hemem uruşmany halaýar.Rahat ýatyp bilemok birlerine azar bermesem, dawwasyz geçen güni günem hasaplamok diýýär.Men-ä kän oňşamok, oňuşmasagam şükür salamy kesemzok.Obamyza 5 sany arçyn (Gold, Örenmeli app, guller, tsoltanov, Öwrenmeli) ýolbaşçylyk edýär.Obamyzy agzybir saklamakda köp zähmet çekýäler. Gold bilen gaty gowy gatnaşýas diýip öwnübä biljek däl.Ýöne şu wagta çenli ýaka tutuşyp urşan ýerimiz ýok.Elbete bilýän,ola urşmak eken daže gatyrak gidip sögüşsemem, obadan paty-putalam bilen gümümi çekjegini.Näzik gyz, gürleşeniňizde bar bolan ylmy derejäňize daýanyň we serasap boluň, sözüňizde tutmaga ökdedir.Öňler Dawut (D.S), Baýram (Babu) , Şirnazar (ŞirnazarTaganow), Läle (Läle🌼) diýip goňşularmyz bardy.Ýöne olaram bu obadan göçüp gitdi.Şu obada özüme ýakyn saýyp ýören ynsanlarymyzň biri Enemähri (Banuçiçek) bilen hemişe bolmasa-da, köplenç gepimiz alyşýady.Ýöne arada şähere iş bilen gaýdamda, goňşular onuň göwnüne degipdir.Şol sebäpli bolaýmasa goňşy obalaň birine göçüp gidipdir.Kämahal aýlanyp gidýär biziň köçämize-de.Bahar (B.....), Merjen (Papinadoçka), Leýla (💔Leýla💔), Imissyou (Imissyou), Enejan (E....💍) bularam gowy adamdyr, ýöne meň-ä jynym jyňkyrşmady.Obamyza täze gyz gelse ilki bilen Şamyrat (Shamko) tanyşýar.Gyzlaň göwnüni tapmaga ökde.Zýomymyň göwnünde zat ýok, gyzlara telefon belgisini çenli berýär.Ylham (Guwanjow), Mint (SimpleGirl), Milaýa (Milaýa 🌺) bular bir synpda okaýar.Bularyň içinde Milaýa 🌺 iň zehinlijesi.Gülnar (Güli_) özüne göwni ýetýän dogumly, alçak gyz.Oglanlar ýüzüňiziň gyşarmagyny islemeseňiz ,oýun edibem lak ataýmaň.Bu obada köp wagt bäri ýaşap ýören TKM (TKM..) geljegi üçin alada edip, günüň köp sagadyny işläp geçirýär.Bagtyny gözläp ýören oglan.Ýöne haçan görsem ýüzünden gar ýagýar.Geljekki gelnejem ýüzünde mähirli ýylgyrşy döredäýmese, meň-ä sorajak zadymam sorap bilemok derdine dert goşaýmaýynla diýip.Gülnabat (Papatýa), Selbi (Crazy), Kümüş (MissBoss), Aknurşa (Cindrella) şolara kän duşamok soňky döwür.Aýý öýlerinden çykman oturandyrlarda.Bizden 2 jaý aňyrda Serwi (Serwi) uýam ýaşaýar.Tüweleme ir turagan, ýaşy uly bolansoň akly goýalşan.Onuň bilen oturyp derdinşesim gelýär welin wagt tapamok, wagt tapsamam ony tapamok.Iş bilen başagaýrak-da özem.Arslan (ArslanÝazly), Hojom (HoJoM) bular gyl geçmez-ä diýmäýin, ýöne adam geçmez dost.Goňşular bilenem gowy gatnaşýalar.Ýöne men-ä kän gürrüňdeş bolup görmedim. Dursun (Dusia) bulam betje gyz.Bet diýsem figurasy däl, özi bet.Özüniňkiň dogrydygyny bilse dagy, seňki dogry diýýänçäň gidişýä.Yhlas (Relax) şu oglandanam gizlejek zadyň ýok.Resga anygyna ýetýär.Aňyrsy Wangadan gaýtýamy nämemi.Işi känem bolsa gep etmäge wagt tapýar.Serdar (SerdarMyradow) obamyza geleni bäri köçede topbak-topbak durýan goňşular köpeldi.Bir gezek köçäň ugrunda 3 topbak goňşular gybat edip durlar.1-nji üýşmeleňiň ýanna barsam Serdar adam baryny daşyna üýşürip, sorag bar, bilene 5 manat bar diýip sorag berip dur.Aňyrky topbaga barsam eýýäm şo soragy biljek bolup Şazada (SHHB), Mekan (Poet), Garajaoglan (Garajaoglan), filosof (⚜imperator⚜) dagylar betinden gybat edip durlar-a.Ondan aňyrkyň ýanyna barmadym.Şulaň ýanynda 5 minut durdum welin, dawleniýam galypdyr wydy-wydylaryna.Neo (M899) köplenç köçede ýeke özi aýlanyp ýörendir, aý howwada bezzat oglanlaň dosty az ýa-da bolmaýaram.Goňşular žalwa eden bolmaly, arçynlaram gaty halap baranok şona.Baýram (BaýramBejidow), Ylham (YlhamGurbanaly) bular ugur ýoly bir bolan talantlar.Goşgy ýazmak bularyň pişesi.Ýazýan goşgulary ýüregime siňip gidýär.Kalplary çeşme ýaly arassa, geýnüwli, sada göwünli oglanlar.Boldy-boldy, gatam öwmäýin.Birden ertir gyzlar ejelerini gudaçylyga ugradaýmasynlar.Merjen (Bitter) buda men ýaly gowja gyz.Başy boş, reklama edip ourjak däl, ýerlikli maşgala bolsa durmuşa çykjaga diýýär.Köçämize Qwerty (Qwerty) diýip täze goňşy geldi.Şahallas bilen habarlaşdym welin, ol Gold'yň kursdaşy eken.Biraz öýkelegräkdir diýdi.Zoluşka (Zoluşka) bu gyz obamyzyň meşhur tikinçisi.Zakazlary kän bolmagy mümkin, kän daşaryk çykmaýar.Çyksa-da hemmä ýüz berenok.Gürleşende araçägi saklap bilýän gyz.Zoluşka bilen Aýnanyň (Harika 😇) gatnaşygyna sözüm ýok, göz degmesin.Aýnada ugruny tapsaň degişgen gyz.Geçirimli aňsat-aňsat gaharlandyryp bolonok.Çaga göwünli şadyýan gyz.Archi (Archi) bu meniň gysyk goňşym.Salam gytçylygy bar ýaly, salamam adam saýlap berýär.Gyşyň güni gar alyp bolonok,menem ondan salam garaşýan-aý.Aýnur (Runia) goňşy obanyň arçyny bilen oňuşmandyr, şeýdibem biziň oba geldi.Häzir-ä hemme zat gowluk.Obamyza gelseňiz Ataş (Atashka_yeketak) bilen Kakajanyň (Неизвестный) suratlaryny görseňiz ýitendir diýip geňlemäň.Olar surata düşmegi gowy görýäler.Öýlerinde köplenç surata düşüp ýörendirler.Onam köçede asyp goýýalar.Милая (Милая) gepi sözi ýerlikli , mähirlije gyz.Köwser (Köwser) men şu gyzyň adyna henizem haýran galyp ýörşim.Özem erteki ýaly, bir görseň bar, bir görseňem ýok ýaly.Arada Jennet (Paradise) ogly Deňizhanjygyň pişme toýuny etdi. Köwserem şondaky görşüm.Soň görüşmedik.Miwe (M.A 🌸) orta boýly, uzyn saçly gyz.Toý-poý bolsa çykaýmasa, bu gyzam köçedäki gepçileň ýanynda görjek umudyň ýok.Muhammet (LORD) soňkyja okuw ýylym diýip, gijeleri bilen okaýan bolara çemeli, görnenok oda.Ýa-da yşk oduna tutaşyp, ýörendir.O gyzam rugsat berýän däldir girmegine.Sähet (Ajaýypeserler), Barlagçy (Barlagçy) bular oba ýaşululary diýsemem bolar, köpigören adamalar.Gepçilik ukubyma daýansam, Arzuw (ArZuW_ŞaÝyMoWa) gabanjaň gyz eken.Özüne degişli zatlary gabanar eken.Owadan zähmetsöýer gyz.Nowça (N.T) ýokary okuw jaýynda bilim alyp başlaly bäri görüşemzok.Bu gyzam kän öýden çykmazdy, çykaýsa welin, goňşulary güýmemäge gep tapardy.Gözel (Misss) gaty yrymçyl.Arada bazara gitdik welin, öňümizi gara pişik kesip geçdi.Bir görsem Gözel ýog-a.Asyl ol 7 ädim yza ätläp duran ekeni.Yrymçyl bolsaňam anada günüň.Aýsona (Zümerret) bu meniň gapdal goňşym.Uzak wagt bäri görnenokdy, sebäbi öýlerinde remont işleri gidip dur.Öýlenmedik oglanlar guda ugradyp bilersiňiz, asylly gyz.Ýöne işlerini dynsynlar ussalar.Çep tarapymyzda Perman (Perman) ýaşaýar.Köp işleýär.Özem puly gowy görýä, pulam ony halanok.Aýý näme öýlenjek oglandyrda, işläbersin.Gepe çeper gowy oglan.Gülsere (🌼 sere) diýip aýak uja täze gyz geldi.Häzir-ä gowy gatnaşýa goňşular bilen, uzagyndan bolsunda.Akgül (Perishdejik), Aýgül (Aýgül 🌷), Arzuw (близнецы🌙🌼), Döwran (Döwran Jumaýew) Kejirje, Jennie, Ýekeje, Ýakupo,Selwi, Predator, Mb06 diýibem täze goňşular geldi.
Özüňiz baradky ýazgylary halaman ýa-da öz adyňyzyň ýoklugy sebäpli gaharlandyryp bilen bolsam, onda meniň zähmetimiň ýerine gowuşdugydyr.
Bar çagam suw ogurtla, bokurdajygyň gurap gidendir ;))