Indi bu önumler saglyñyz üçin zyýanly bolup biler
Her gün ulanýan, ýöne saglygyňyza zyýanly bolup biläýjek köp sanly kosmetiki we arassalaýyş serişdeleri bir ýere jemledik:
Aýakgap boýagy: Deriňize degen halatynda zyýanly täsirleri berip biler. Spreýli boýaglaryň deregine gubka boýaglaryny saýlasaňyz has oňat bolar.
Saç geli: Deride dökülmelere, deriniň aşagyndaky kapilýar ganamaga sebäp bolýar. Bilermenler saçlaryňyza ideg etmeklik üçin düzüminde ammiak bolmadyk önümleri ulanmagyňyzy maslahat berýärler.
Spreý sepmek: Öýken we böwrek kesellerine sebäp bolýandyr.
Arassalaýjy serişdeler: Oksid gazy beýleki arassalaýjy serişdeler bilen garylanda gözümize we derimize zyýanlydyr. Şonuň üçin bu serişdeleri elliksiz ulanmaly däldiris.
Hoşboý ys berijiniň: Öýkenimize zeper ýetirýändigini bilýärdiňizmi?
Ýelim: Ýanyjy we partlaýjy madda bolup, ol derimize, gözümize we öýkenimize zeper ýetirýändir.
Saç boýagy: Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, bu boýag hem gözümize we öýkenimize zyýanlydyr.
Indi siz hem bu önümleri ulanmazdan ozal iki gezek pikirlenip görüň!