Melikee
07.09.2022 08:05

Kitapda durmuşda, edebiýatlarda,
Ýigitler bolsa-da adymyz erkek,
Şol ada mynasyp bolmaklyk üçin,
Kemter gylyklarymyz kändirle entek.

Erkek sözi erk sözünden döräpdir,
Diýmek bir bolmaly sözdür lebimiz.
A biz bolsa gynansakda käteler,
Bir şahada duranokda erkimiz.

Ýönekeýje mysal sallahlyk döwri,
Bir gözeli saýlap ýürekden seçýäs,
Başga gyz hakynda gürrüňem bolmaz,
Onuň üçin dünýe malyndan geçýäs.

Diňe şol gyz ähli wagt hyýalda,
Eýeleýär biziň pikir oýumyz.
Ýatmasagam gijelerne uludan uly,
Gurýarys arzuwly bagt toýumyz.

Kynçylyklar bilen gurup darkaşy,
Nesibämiz çekip, alaýsak töre.
Gaty gitse üç aý şondan köpä däl,
Erkimiz öňünde öwrülýäs köre.

Pikir ediň öýde gelin görgüli,
Ýoldaşyndan gaýgyrman hiç hyzmatyn.
Maşgala ojagyň berkligi üçin,
Beýgeltmäge çalyşýar ýar hormatyn.

Erkek sözün tutup ýörenler bolsa,
Öýünden bäş ädim çykaýsa dagy,
Erkine bäs gelmän unudup wyjdanyn,
Gözleýär güllerden özge bir baly.

Hany, birmahalky ähtdir peýman,
Hany birmahalky edilen wada.
Köpümizde geliň boýun alalyň,
Bäş minut keýp diýip düşenok ýada.

Şu boluş dogrumy aýdyň pikiriňiz,
Ýa-da ol erk sözüne girmeýärmikä ?!
Ýa-da nika sözüniň mukaddesligin,
Soňky erkeklerimiz bilmeýärmikä ?!
21
74
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.