Waka gadymy Ýunanda (Gresiýada) bolup geçýär.
Bir adam, Sokratyň yzbasarlaryndan pelsepeçi
Aristipposyňka (b.e. ön 435-366 ý) görme-görşe batyp,
ogluna ylym öwretmegini soraýar. Pelsepeçi: -- Baş üstine diýýär
--Ýöne, ogluňa berjek terbiýe we tälimim üçin müň altyn-pul tölemeli bolarsyň.
Ýunanly ata: "Näme ... ! Müň altyn-pul diýýäňmi?" -- diýip,
zöwwe ýerinden galýar. "Müň altyn-pul bilen bir gul satyn alyp
bolýar"
Aristippos Jogap berýär: ''Hawa, ogluň tälimine berjek müň altyn-pulyň bilen bir gul satyn alyp bilersin. Emma şol wagt
öýüňde iki gul bolar."