ylham_gurbanaly
06.09.2022 10:56
Gamgyn gözleň bilen bakmagyn maňa,
Ýüregiňem gyýylmasyn hiç sapar
Sen bagtyňa basymrajyk gowuşsaň,
Meň bagtymam senden ir däl, giç tapar

Meňzeşiňi tapjagymam gümanly,
Arzysydyň ähli dörän gülleriň
Alanyňy duýmandyryn gideňde -
Şatlygyny, şowhunyny günleriň

Gözlemedim özgelerden sapany,
Wepany-da tapmadygma gynanman.
Begenipler toý tutjagmam belli däl,
Höwürdeşim, ýalňyzlykdan dynanma

Toprak üçin mydam gowsy bolýar-a,
Ýagýan ýagyş siňňitli hem giç diňse
Emma sen, asla gözýaşyň dökmegin,
Diňe sen däl, gyýylmasyn hiç kimse!


Ylham GURBANALYÝEW
9
83
Myhman Myhman
22 Sentýabr 2022
Repirmi siz
wolf
6 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
ylham_gurbanaly
6 Sentýabr 2022
Melikee,CrAzY Girl,Zoluşka, 👏👏👏
zolushka
6 Sentýabr 2022
Alanyňy duýmandyryn gideňde-.
Şatlygyny şowhunyny günleriň..
Melikee
6 Sentýabr 2022
" Begenipler yoý tutjagmam belli däl,
Höwürdeşim ýalňyzlykdan dynanma "
❤👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.