abdy_dayy
06.09.2022 00:18
KIM GELER?
Ala gözlim, aýlanaýyn gaşyňa,
Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?
Diýme syryň deňiň bilen duşuňa,
Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?

Senem sypatly sen, Garybyň ýary,
Bagyşlagyl bakjaňdaky enary,
Kereşmedir aşyklaryň hünäri,
Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?

Bäriňi gözlegil, perizat hüýli,
Duşumdan ötmegil, towaýyl boýly,
Men Mejnunyň bolsam, sen misli Leýli,
Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?

Mekes perwaz edip aýrylmaz baldan,
Ölmese el üzmez andalyp gülden,
Diýeýin tarypyň jan bilen dilden,
Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?

Meni bagban etgin çemenli baga,
Ýogsa Perhat kimin çykar men daga,
Guwanaýyn tä başyňdan aýaga,
Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?

Gözledim, görmedim tümleri, düzi,
Janym aldy jamalary gyrmyzy,
Mätäji diýr, indi örteme bizi,
Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?

AWTORY: MÄTÄJI ...
25
37
wolf
6 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
abdy_dayy
6 Sentýabr 2022
Неизвестныйь, 👍🏻👍🏻👍🏻 ilkinji aydym rejepguly kerimow nurberdi gulow solar aytdy ondan son tasli
Неизвестныйь
6 Sentýabr 2022
Golayyma sen gelmesen kim geler dilberey gel bari bari hel bari bari.Halypa bagşymyz Taşli Tülegenow.Aydym edip aydany Goui aydym.
gulserem
6 Sentýabr 2022
👍👍👍👍🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.