Euronewstkm
06.09.2022 00:04
WI-FI-YŇYZA NÄBELLI ULANYJYLARYŇ BIRIKMEGINIŇ HOWPY WE ÖZÜŇI GORAMAGYŇ USULLARY.
Kiberhowpsuzlyk boýunça öňdebaryjy hünärmenleriň biri hasaplanýan Alekseý Raýewskiý «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda Wi-Fi routeriňize birugsat birigen näbelli ulanyjylaryň ýetirip biljek zeperi barada gürrüň berdi.
Näbelli ulanyjynyň siziň internediňize birigen ýagdaýynda, gadagan edilen ýa-da ýalňyş maglumatlary ýaýratmagy, kezzapçylyk bilen meşgullanmagy ähtimal. Şeýle ýagdaýda size hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň soragynyň döremegi mümkin.Alekseýiň aýtmagyna görä, bu jenaýatlarda siziň günäňiziň ýokdugyny subut etmek kyn bolýar hem-de köp wagty talap edýär. Şeýle ýagdaýda näbelli ulanyjylaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny ýüze çykarmak hem-de bökdençlikleriň öňüni almak maksadalaýykdyr.Bu babatda hünärmen: «Özge adamyň internede birikmegi hiç bir ýagdaýda hasaba alynmaýar. Adatça, şeýle mümkinçilik hiç bir routerde ýok. Şonuň üçin hem Wi-Fi-yňyzyň degişli sahypasynyň üsti bilen wagtal-wagtal ulanyjylaryň sanawyny görmek maksadalaýykdyr» diýip, pikirini paýlaşýar.
Şeýle-de hünärmen Wi-Fi gurluşyňyzyň açar sözüni ýygy-ýygydan täzelemegi we onda sanlaryň, harplaryň hem-de bellikleriň sazlaşygyny ulanmagy maslahat berýär.
Indiki sahypada bolsa size iñ bir wajyp zatlaryñ biri bolan maglumat:"ANGARA SECURITY" SMARTFONYŇYZDAKY MAGLUMATLARY GORAP SAKLAMAK barada Angara Security» şereketiniň ýörite meýilnamalar boýunça direktory Aleksandr Dworýanskiniň maslahaty barada goýular hormatly okyjylar!
10
69
wolf
6 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.