Kiçijek bölejikler bitewilige eltýär
Hiç bir zat bölekleýin subut edilýän däldir. Sebäbi kiçijik bölejikler hem bitewilige eltýändir.
Akylly adam diňe özüniň akylynyň bardygyna we akyla nädip ýetendigine doly göz ýetirende, akyldan ýokarda nämeleriň bardygyna göz ýetirer.
Wagty sarpaly tutup, ýerine ýetirmeli işiňe gereginden artyk wagt sarp etme! Her zady öz wagtynda ýerine ýetirmek dogruçyllygyň alamatydyr.
Ýaşlygynda dana pikirlere we akyla hyzmat eden adam garran çagynda eden işleriniň hözirini görer.
Ata-babalarynyň gazanan at-abraýyna guwanyp, olara meňzemäge çalşan ynsan adamlaryň arasynda üstünlik gazanar we ata-babalarynyň gazanan abraýyny has-da zyýada eder.
Arzuwdyr, hyýal hem güýçli adamlara laýykdyr.
Seniň duşman hasap edýän adamyň saňa kyn ýagdaýyňda nesihat etse, ol saňa duşman däl-de, dostdur. Sebäbi nesihat bermek dostuň edýän işidir.
Bedeni kuwwatly adam güýçli däl-de, akylly, ylymly adam güýçlüdir.
Her bir işiň gadyryny bilgin we sarpa goýgun, şonda seniň hem gadyryň bilner we saňa-da sarpa goýlar.
Kimdir biriniň içki pikirini bilmäge synanyşma, sebäbi ony bilen ýagdaýyňda gaýgy-gama batyp, ruhdan düşmegiň ahmal.
Hiç haçan gazaplanmagyn! Sebäbi gazaplanan adam akyl jylawyny elden gidirýändir.
Eger dost tutunsaň, dogry sözlüden dost tutun!
Ynsan gözellikleriniň biri dile çeperlikdir. Ol adamy kyn ýagdaýlardan alyp çykyp, uly ýeňişlere eltip bilýändir.