Ýyllary suw deýin äkitdi günler,
Geçen möwsümleri ýaşadym tenha.
Unudyp bilmeýän duýgulam bilen
Men geldim, ynha!
Seni her küýsämde dörän goşgulam
Depe bolup ýatyr beýlämde, hanha.
Gönüläp gözlerňe garamak üçin
Men geldim, ynha!
Saňa barýan ýol tapmadym elenip,
Hezil etdi şor täleýim bulanyp,
Şu ýaşymda ilki söýgä sygynyp,
Men geldim, ynha!
Sudur bolup geçmişime siňipsiň,
Aýralygy ne tär bilen ýeňipsiň,
Diýme maňa: «Wah, näm üçin gelipsiň»,
Men geldim, ynha!
Ogulnur Ataýewa