ylham_1989
04.09.2022 23:55

Goja

Günlerde bir gün melleginde ýer agdaryp ýören bir gojanyň deňinden ýaş ýigit geçip barýan eken. Ýigit uzakdan goja armasyny beripdir-de:

– Ýaşuly, gaýraky oba barýaryn welin, ýene näçeräk ýöremeli bolarkam? – diýip sorapdyr.

Gojadan ses-seda çykmandyr. Ol başyny galdyryp seretmekden geçen, gaýtam äwmezlik bilen piliniň gulagyna bat berýärmiş. Onsoň, ýigit eşitmedik bolaýmasyn diýen pikir bilen sesine bat beribräk, şol bir soragyny ýene gaýtalapdyr. Gojadan ýene jogap bolmansoň, ýigit özýanyndan: «Görgüliň gulagy halys eşitmeýän bolmaly» diýip pikir öwrüpdir-de, ýene bogazyna bat berip gygyrypdyr:

– Ýaşuly! Eşidýäňizmi? Gaýraky oba barýaryn welin, entek kän ýöremeli bolarmykam?

Goja ýene sessiz-üýnsiz ýer agdaran bolup ýör diýýär. Onsoň, ýigit: «Bu ýa ker bolmaly, ýa-da munuň aňkasy aşypdyr» diýip içini gürledipdir. Gojadan tamasyny üzüp, ýöräp ugrapdyr. Birsalym ýöräpdir hem welin, yzyndan gojanyň şeýle diýip seslenýändigini eşidipdir:

– Gaýraky oba ýene ylaýyk iki sagat ýöremeli bolarsyň.

Şol bir soragy üç gezek soradyp, üç gezegem jogap bermändigi üçin şeýle-de hum ýaly çişip duran ýigit saklanyp bilmän:

– Ýaşuly, birhili adam ekeniňiz-äý. Eger bilýän bolsaňyz, şony başdan aýdaýmazlarmy ahyry – diýip, jany ýangynly gürläpdir.

Şonda gojanyň jogaby nagt bolupdyr:

– Oglum! Men hem gaýraky obanyň bu ýerden näçeräk uzakda ýerleşýändigini bilmän duramok. Ýöne men seniň ýöreýşiňi görmedim. Şony görmän, men seniň ýene näçeräk ýöremeli boljakdygyňy nädip aýdaýyn?!

Käbir meseleler üçin diňe daşky şertler däl-de, siziň hem potensiýalyňyz möhüm bolup durýar. Belli bir netijä gelmezden ozal biraz tagapyl edip, öz ýöreýşiňizi hem görjek boluň!
20
133
wolf
5 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
ylham_1989
5 Sentýabr 2022
Neo,🌼sere,👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
gulserem
5 Sentýabr 2022
Dogry👍👍👍👍🙃😊

Dogry👍👍👍👍🙃😊

Dogry👍👍👍👍🙃😊
Neo
5 Sentýabr 2022
Bolya malades 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.