Misss
04.09.2022 16:02
1-nji bölümi.
Tomus paslynyn ikinji ayynyn başynda Şagadam atly oba Melâyewlerin maşgalasy göçüp geldiler. Maşgalan hojayyny Akmyrat Melâyewi yokarky wezipelerin birini eyeleyârdi. Onun iş wezipesi sebâpli, ol maşgalasy bilen paytagtdan bu oba göçüp gelmeli boldular. Onun çagalygy obada geçenligi üçin ol, ol gaty derrew oba öwrenşdi. Edil şonun yalam, onun maşgalasam bu oba bilen çalt öwrenşdiler. Öyün keywanysy Akja gelneje şâherde önüp-ösenem bolsa, oba durmuşy ona has yakyn bolup göründi. Mal-gara seretmek, öy-howly işleri ona gaty yenillik bilen başartyady. Şonsuzam, ona işlerin hiç birinem etdirmejek bolup ylgayan iki sany yetişen gyzy we goç ogly bardy. Öyün uly gyzy Aylar, ondan kiçi gyzy Aynurdy. İki gyz dogan gaty owadan, akylly we işennirdiler. Doganlaryn köpsi öz aralarynda onuşmanlar bolsalar, bularyn gepleri alyşmayan mahaly gaty az gelyârdi. Olaryn ikisinin elinden tikin-çatyn işi gelyârdi. Aylar köynek dikse, Aynur yaka edyârdi. Aylar nahar atarsa, Aynur saçak yazyp onun üssüni bezârdi. Garaz bular, bir-birlerinin arkalaryny alyp, ejelerinin eline iş bermejek bolyardylar. Öyün goç ogly Muhammet bolsa, mekdebe gatnap yören, heniz garagolja oglanjykdy. Ol gaty lâlikdi, diyeni-aydany bolardy. Öyün uly gyzy Aylar garayagyz bolanyna garamazdan gaty owadan gyzdy. Onun teninin bu renki ona hasam owadanlyk beryân yalydy. Açyk gonur gözleri, kiçijik burny, ortadan nâzijek dodaklary görenin gözüni egleyârdi. Aylaryn sesi şeyle bir ajayyp, mylayym çykyardy, welin derdine derman bolayyady. Yylgyran mahaly çep yanagynda döreyân çukanagy aklyny elinden alara getiryâdi. Aynur welin dogany yaly owadan dâldi. Aynur hemişe öz doganyna öykünjek bolardy. Yöne Aylar hijem owadanlygyna buysanmazdy. Ol: "owadan bolma bagtly bol" diyip, hemişe öz yanyndan gaytalardy. Aylar Aynurdan 5 yaş uludy. Ol eyyam mekdebi gutoryp, daşary yurtda 4 yyl okap, tamamlap gelipdi. Aynur welin, Paytagtdaky yokary okuw jaylarynyn birinde okayardy. Aylar yanyrak diplomyny tassyklap, etrap merkezine işe giripdi. Aylaryn şeyle owadanlygyna garamazdan ona henize çenli söygi bildirip, onun bilen söygi denzinin arzuwlar gâmisinde bile yüzen yokdy. Mekdepde okayan wagty, klasdaş oglanlary dine daşyndan gowy görüp gezdiler. Daşary yurtda welin, onun goragcysy bolp, yany bilen dayzasynyn ogly Merdan gitdi. Yigitlerin aglaba bölegi Merdandan çekinseler, beyleki bölegi "Beyle owadan gyzyn yary bolmazmy!?" diyp, içlerini geplederdiler. Aylaram şeyle duygyny başyndan geçirmek isleyadi. Aşyk bolup, öz söwer yary bilen durmuş gurmak isleyârdi. Onun göwün dilegi tomsun ahyrky ayynda amala aşdy. Aylar etrap merkezine işe gitmek üçin, hemişe uly yola çykyp, taksi tutmaly bolyady. Onyn gidyân yolunda hemişe mallary sürâ âkidyân çopan, Nury atly yigit çykyardy. Olar yolun aglaba bölegini bile geçyârdiler. İlki-ilkiler olaryn arasynda hiç hili gep-söz bolmasa hem, sona-baka olaryn smzi alyşyp gitdi. Güyzün ilkinji günlerinde Nury çopan çekine-çekine gyzyn eline söygi hatyny tutdurdy. Aylar ilki bada yyly söz bermedi, nâz etdi. Sonra welin yigidin garaşyp duran razylyk sözüni berdi. Nuryn dili gaty süyjidi, ol süyji dili bilen Aylaryn göwnüni almany başaryardy. Olar oba giren badyndaky uly yabyn boyunda duşuşyardylar. Duşuşyga hemişe Nury gijâ galyp gelerdi. Aylar hemişe söwer yaryna garaşanda bâgüller bilen gürleşip wagtyny geçiryârdi. Günlerin birinde hemişe bolşy yaly, Aylar Nura garaşyp durdy. Birden yabyn beyleki gyrasynda bir owadan gyz peyda boldy. Ol gyz akyagyz, gara gözli, gara uzyn saçly uzyn boyly, gaty owadan gyzdy. Aylar ol gyzy görüp, ol gyza gözi gitdi. Ol gyz Aylary hayrana goyupdy. Bir mylayymja yylgyrp duran ol gyz Aylara salam berdi. Gyz derrew ol owadan gyzyn salamyny aldy. Ol owadan gyzyn egninde açyk sary yakaly köynek bsrdy, başynda hem şol renke menzeş yaglyk bardy. Köprin üstünden emay bilen yörâp gecip gelyân gyz:
-men adym Bâgül diyp aytdy. Aylar bul gyz bilen jora bolupdy. Aylar arkaynlyk bilen:
-Men adym Aylar- dıyp gyzyn yumşak elinden gysdy. Bâgül gyz:-sen göryân welin yaryna garaşyan öytyan. Menem şeyle yaryma garaşyan dıyp utanjyrap aytdy. Aylaryn yanaklary gyzaryp baş atyp howa diydi. Sonra: sen bizin obamyzda yaşayanmy, seni görmeyadim dıyp, Aylar gepi başga yana sowdy. Bâgül başyny yaykap:-yok men başga obadan. Menin söyenim welin şu obadan onnan ara daşam bolsa söyenin ücin gelmeli bolyada dıyp gürrün berdi. Birden Bagül:-ay gyz gürrün nâçe süyji hem bolsa, men gideyın Aşyrjanymy garaşdyrmayyn, seninem yaryn ha diyman geler- dıyp, yerinden turmak bilen boldy. Olar hoşlaşdylar. Bâgül Aylara yarapdy. Onun bilen yene gürrün edesi gelyadi. Yöne hazir ol Nury bilen söhbet edyardi, arzuw-hyyallar edyardi. Son Aylar Bagüli Nury bilen her duşuşyga gelende, onun bilen görüşyardi. Söhbet edyardiler. Aylary gen galdyryan zat: Bagül her gezek duşuşyga Nurydan on gelyardi gelayjek wagtlaram gıdyardi. Her gezek Aylar onun haysy taraba gidyanını gorjek bolp azara galyardy. Köprüden geçenden son, Bagül hamala diyersin asmana ucan yaly yok bolyady. Sonam Nury Aylardan ön duşuşyga gelayse Bagül bilen hic hili garşylaşanokdy. Yogsam Aylar Nurada Bagülede aydyp goyupdy. Bu hakda Bagülden soranda, ol: bız ol gün duşuşmadyk dıyp aydardy. Yöne Aylar bu hakda köp pikir etmejek bolardy. Belki hakykatdanam görüşip bilyan dallirler. Bir gezek yene Aylar Nura garaşyp durdy we gelyanca yene Bagül bilen gürründeş bolp oturdy. Birden Aylaryn eline sms geldi "ayym bagşla baryp bilemok ejem yaranok" ol hat Nurydan geldı. Bu haty okanyndan son Aylar öyüne gaytmak bilen boldy. Onun yzyndan seredip galan Bagül birden üytgedi. Ol önki Aylara görnüşi yaly owadan gyz daldi. Indı ol başy yaglyksyz, saçlary bulaşyk, manlayy yarylyp, gan akyp durdy. Kellesinin yense tarapy hem deşilendi, ondan gan syrygyp akyp, gyzyn saey köynegini gana boyady. Boynunda hamala yüp bilen bogulan yaly gyzaryp durdy. Gahardan yana yarylyp baryan bu gyz janly adam daldi, bu gyz ruhdy. Ruh gyzyn yzyndan "Gözellik ölmeli" dıyp galdy.

Hökman okan. Dowamy bar....
5
110
Euronewstkm
7 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍🇹🇲
Myhman Myhman
7 Sentýabr 2022
Suratdaky ozunmi?
Atascaryyev
5 Sentýabr 2022
Tuweleme🧚‍♀️
Myrataly
5 Sentýabr 2022
Misss,👍

Guli_,🤔🤔🤔🤔🤔🤔
guli_
5 Sentýabr 2022
Myrataly,Leyli wekiyowa oytyan familyasy tipa bloger
Relax
5 Sentýabr 2022
Pişik gowja eken😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.