perizadym
04.09.2022 13:36
Miweli baglara deňleşse egin,
Ýaşajyk nahal deý boý alyp gitsem.
Säwlige ýalňyşyp uzatsam elim,
Uzatsam, özümden uýalyp gitsem.

Durmuş, seniň salan synagyň bilen,
Ýola çyksam yhlas, ynamym bilen,
Ýykylsam, ýylgyrsam il-günüm bilen,
Söýenseler, käte söýenip gitsem.

Kä joşgun köşeşip, käteler joşup,
Mynasyp gözeliň yşgyna düşüp,
Talyp göwünleriň köşgüne süýşüp,
Ýene söýşüm ýaly söýülip gitsem.

Erte gögär bu gün eken gämigim,
Hernä maňzy pak bolmasyn şänigiň!
Çaýkalsa dökülmän akyl çanagym,
Ýyllardan ýyllara goýalyp gitsem.

Rejep Arazdurdyýew
11
164
Neo
4 Sentýabr 2022
Men dogry yylymy we adymy agsam goyjak profilmde 😕
gulserem
4 Sentýabr 2022
🧡🧡🧡🧡👍👍
wolf
4 Sentýabr 2022
🌼sere,ay bilemok alyberseñizlañay mä yenede💞💝💗💚💛💛💘💘💕💛💓💖💕💕❤💙
gulserem
4 Sentýabr 2022
Agam kime ol😂😂
wolf
4 Sentýabr 2022
Näme ýürek goymaşakmy 💜❤💙💚💖💕💗💞💛
gulserem
4 Sentýabr 2022
🧡🧡🧡🧡🧡
Neo
4 Sentýabr 2022
🌼sere, bolya jigim sanaha su 🧡 gelsya
gulserem
4 Sentýabr 2022
Mnm gelem so bady manada goyupdy so yurejigi 💜

Mnm gelem so bady manada goyupdy so yurejigi 💜
Neo
4 Sentýabr 2022
🌼sere, aytdaa 🙂 nadipp
gulserem
4 Sentýabr 2022
Ai bilyan😉😉

👇👇👇👇jogap berdä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.