abdy_dayy
04.09.2022 08:16
DÜNÝE JUDA MÄTÄÇ MERDE

Dünýe juda mätäç merde,
Derman bolup ýara derde.
Alkyş, sogap ýatmaz ýerde,
Kasas galmaz kyýamata.

Guly bolma men-menligiň,
Ýokdur diýme, bardyr kemiň.
Dag ýarýanam bolsa demiň
Mätäçsiň sen hemaýata.

Gadryn bilgin ataň barka,
Gizlemegin hataň barka.
Sakla ony sarpaň barka,
Gulak salma mahabata.

Aç gözüň, saýgararsyň,
Ejizleme, eýgerersiň.
Ýük çekmegi öwrenersiň —
Gyýa bakma garamata.

Her obada duşar telpek,
Her ilde-de bar bir tentek.
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

Ýene-de bir diýjek zadym,
Hak sylasyn öz zürýadyn.
Sena edin Allaň adyn,
Dil ýetirme keramata.

Rowaçlansyn haýyr-yhsan,
Eý, gudraty güýçli Subhan!
Bu dünýäde haýwan, yhsan
Göz dikip dur sahawata.

Agyr ýükler çekdi gerden,
Haka sygnyp gezdim her dem.
Eý takdyrym, gora şerden,
Duçar etme peläkete.

Azmasaň, aýp däldir meslik,
Bar beýiklik, bardyr peslik.
Geňlemeýän binamyslyk
Meňzeýär bir alamata.

Müzzerilme, çytma gaşy,
Düşse bir gün ömrüň gyşy.
Amanatdyr hemmäň başy —
Heý, şek barmy Adalata!

AWTORY: BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW
28
38
abdy_dayy
4 Sentýabr 2022
Gülşat Ataýewa, 👍
gulshatayewa97
4 Sentýabr 2022
Dag ýarýanam bolsa demiň, mätäçsiň sen hemaýata
Aýgül🌙⚘
4 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
wolf
4 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
gulserem
4 Sentýabr 2022
👍👍👍👍☺️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.