Her gezegem güýzüň gelen çaglary,
Göwnümem birhili gözýaşa taýýar,
Men damjalarymy gözýaşym saýsam,
Güýz, sary ýapragyn gözýaşy saýýar.
Dökýär,
dökýär,
dökýär ýapraklaryny,
Olary jemleseň tonna bolardy.
Eger ýaprak güýzüň gözýaşy bolsa,
Meger bu dünýäni suwam alardy.
Han-ha ýol işçiler,elinde sübse,
Agşama çen, Gün dogandan başlaýar,
Süpürýär,
artýar,
ýygnaýar ýaprak,
Ýöne olar güni üçin işleýär.
Işleýärler.
Ýollara görk berýärmi?
Ýok, ol gaýtam ýoluň görkün süpürýär,
Ertesi iki işli bolmazlyk üçin,
Ýapraklary şahadanam sypyrýar.
Düşmek islemeýän sary ýapraklar,
Silteläpler düşürýärler baryny,
El degirme, goý gaçsyn öz meýline,
Peýzaž gözelligne berjek barymy.
Şeýdip, gözelligi süpürişip ýörler,
Hökümet bu işe pulam töleýär,
Güýz pasyly neçün gamgyn-ka diýsem,
Süpürilen gözelligni dileýär…
Kerwen Mürzäýew