1 ýaşyňda: Seni elleri bilen bezäp besledi, ýuwundyrdy. Bütin gije
ýatyrman aglap, sagbolsun aýtdyň.
2 ýaşyňda: Saňa ýöremegi öwretdi. Seni çagyryp seslenende ondan
gaçyp, sagbolsun aýtdyň.
3 ýaşyňda: Saňa naharlar taýýarlap berdi. Döküp-saçyp iýip,
sagbolsun aýtdyň.
4 ýaşyňda: Eliňe reňkli galamlar berdi. Bütin diwarlara surat
çekişdirip, sagbolsun aýtdyň.
5 ýaşyňda: Seni owadan geýimler bilen bezedi. Guma bulaşyp oýnap,
sagbolsun aýtdyň.
6 ýaşyňda: Saňa birtopar sowgatlar etdi. Goňşyň äpişgesini döwüp,
sagbolsun aýtdyň.
7 ýaşyňda: Mekdebe äkitdi. Köçede: "gitjek däääl" diýip aglap,
sagbolsun aýtdyň.
10 ýaşyňda: Doglan günlere, tans mekdeplerine äkitdi. Maşyndan
böküp düşüp, yzyna seretmän gidip, sagbolsun aýtdyň.
11 ýaşyňda: Seni dostlaryň bilen kino, teatra äkitdi. Sen: "Biz bilen
oturma" diýip, sagbolsun aýtdyň.
12 ýaşyňda: "TW-da erbet peredaçalary görme diýdi". Ol öýde ýok
wagty seredip, sagbolsun aýtdyň.
15 ýaşyňda: Seni lagerlere goýberdi, ýekeje hat ýazman sagbolsun
aýtdyň.
17 ýaşyňda: Oturlyşyklara goýberdi, birje gezek jaň etmän öýüňe giç
gelip, sagbolsun aýtdyň.
18 ýaşyňda: Mekdebi gutaraňda hemme gerek zatlaryňy alyp berdi,
ugratdy.
Ony dostlarym üstümden gülmesin diýip ýanyna eltmän, sagbolsun
aýtdyň.
21 ýaşyňda : Saňa okuw, iş bilen bagly maslahatlar bermek isledi.
"Men sen ýaly boljak däl" diýip sagbolsun aýtdyň.
22 ýaşyňda: Okuwy gutaraňda saňa guwanyp gujaklady. Syýahat üçin
pul isläp sagbolsun aýtdyň.
24 ýaşyňda: Durmuş gurjak bolýan ýanýoldaşyň bilen tanyşmak isledi.
"Entek ir, hökman däl" diýip sagbolsun aýtdyň.
25 ýaşyňda: Toý tutup berdi, begendi, duýgulandy. Sen başga ýerlere
göçüp gidip, sagbolsun aýtdyň.
30 ýaşyňda: Çaga terbiýesi hakda akyl bermek isledi. "Indi beýle
terbiýe berlenok, ol diýýänleriň gadymy döwürde galdy" diýip
sagbolsun aýtdyň.
40 ýaşyňda: Saňa jaň edip, bir ýakynyň doglan gününi ýatlatdy. "Işim
başymdan agdyk, wagtym ýok" diýip sagbolsun aýtdyň.
50 ýaşyňda: Ol erbet keselledi, ony görmäge baranyňda begendi.
Oňa "Garrylar çaga ýaly ejiz, näzik, ynjyk bolýar" diýip sagbolsun
aýtdyň.
Diýeli bir gün.. Ol öldi..
Bu güne çenli onuň bilen geçiren wagtyň, eden işleriň ýyldyrym
bolup kalbyňa urdy. Şonuň üçin entek wagt barka, entek ol dirikä,
wagt aýryp gidiň, gyzyklanyň onuň bilen. Şu güne çenli berip bilmedik
söýgiňizi beriň oňa..Pursat barka söýgiňizi bildiriň. Bagtly ediň. Gijä
galmaň!
Howluk..
Seret wagt geçip dur..
Ene saňa ýeke gezek berilýär,
Söý eneňi! Söýmegiňi dowam et!
Enäniň gadyryn bilmeýän bolsaň,
Enesini ýitirenden sowal et!