ylham_gurbanaly
04.09.2022 01:07
Gündizlerde şatlygymdan habar ýok,
Gijeleriň mydam gussasy artyk
Görnüşimden dertsizleriň biri men,
Hiç kime habarsyz içimi ýyrtyp,
Ýaşap ýörün...
Ölme-de sebäp gözläp,
Hem garaşyp gelerine melhemiň
Nädip rahat gezýänimäm bilemok -
Ynjydyp göwnüni sessiz ylhamyň?!

Arzuwlarmyň möçberinäm bilmedim,
Gimalaýdy...
Ýok, ondanam beýikdi.
Emelsiz awçydym ynama büdrän,
Sen şol dagyň goýnundaky keýikdiň.

Daşymdan saralan güýze meňzeýän,
Buzluklaram gurşap barýar gursagym
Menem nalaç özgesine duşaryn,
Özge üçin urar seňem gursagyň

Hakydaňdan gitmejegmi bilýärin
Bilýan bir gün öýmä ýaşyň ezjegiň
Ogryn-ogryn uzaklardan synlaryn,
Ömür bolsa, bagtyň diläp gezjegim



Ylham GURBANALYÝEW
15
97
perizadym
4 Sentýabr 2022
Bir şarkinin sözlerni hatirlatti..." Senden öncede yaşiyordum , senden sonrada ýaşarim..."
wolf
4 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Selwi
4 Sentýabr 2022
😗😗😗😗😗
ay_kiz_
4 Sentýabr 2022
👏👏👏👏👏
gulserem
4 Sentýabr 2022
👍👍👍👍🙃🙂☺️
❤️B❤️
4 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.