Euronewstkm
04.09.2022 00:33
“iPhone 14” haçan satuwa çykýar?
“Apple” kompaniýasynyň dünýäniň dürli ýerlerinde millionlarça adamyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “iPhone 14” seriýasyna degişli enjamlary tanyşdyrjak wagty mälim edildi. “iPhone 14”, “iPhone 14 Max”, “iPhone 14 Pro” we “iPhone 14 Pro Max” mobil enjamlary 7-nji sentýabrda tanyşdyrylar. Iň gymmat model bolan “iPhone 14 Pro Max”-yň ýadynyň göwrümi 1 TB (512 GB görnüşli nusgasy hem bolar), arzan bahaly “iPhone 14”-iň ýady 128 GB bolar. Iň gymmat “iPhone” 1700-1800 dollar, arzan bahaly “iPhone 14”-iň 800-900 dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar.Täze smartfonlar üçin 17-nji sentýabrdan başlap sargytlar kabul ediler. Enjamyň goýy gör, altynsow sary, kümüşsow reňkli bolmagyna garaşylýar.Täze modelde “Pro” seriýasy has köp kämilleşdirilipdir. Bu modellere “hemişe açyk” režimi goşular. Şeýlelikde, telefonyň ekrany ýapylan wagtynda hem ekranyň öň tarapyndan “widget”-leri görüp bolar. A seriýasy çipler hem diňe şu seriýa degişli smartfonlarda oturdylar. “Pro” modelleriň kameralarynyň durulygy 48 megapiksel bolar.“iPhone 14” 6,1, “iPhone Max” ýa-da “Plus” 6,7 dýuým, “iPhone Pro” 6,1 dýuým we “iPhone Pro Max” 6,7 dýuým ululygynda bolar.“Apple”-iň “iPhone mini” modelini tanyşdyrmagyna garaşylmaýar.

Sagat hem tanyşdyrylar
Kaliforniýadaky Stiw Jobsuň adyny göterýän teatrda geçiriljek tanyşdyrylyş dabarasy internet arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Dabarada “Apple Watch” sagatlary hem görkeziler. Dabarada üç sany täze “Apple Watch” önümi tanyşdyrylar. “Apple Watch 8” seriýasynda bedeniň temperaturasyny ölçeýän sensor bolar.
7
74
wolf
4 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍

IPhone telefon diyilyanida
ideallider
4 Sentýabr 2022
Hytaýlylara eýýäm çykarypdyrlar. Olaryňky android 14-de işleýär we ähli zady iphony kopýalaýa😁👍
gulserem
4 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍☺️🙂
SerdarMyradov
4 Sentýabr 2022
su iphone hemisede tanysdyrylys dabarasy 9:41 de baslayan bolmaly we iphone ocurip yakanyndada 9:41 duryan bolmaly!🐧
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.