awesome
03.09.2022 17:37
ALYSLARDA GALAN ÝAR

Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa,
Seni ýeke goýman – diýen sözüň bar.
Ýatlamalaň dumanyndan çykda gel,
Alyslardan alyslarda galan ýar.

Söýgiň bilen derýa bolup joş-da gel,
Öňkiň ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel,
Gaýalardan gaýalara aşda gel,
Goja daglaň aňyrsynda galan ýar.

Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüň,
Her gün saňa garaşaryn intizar.
Gün doganda, gün içinden çyk-da gel,
Uzak ýollaň aňyrsynda galan ýar

Men henizem öňkim ýaly bisabyr,
Ýürek şindem öňküsi dek bikarar.
Uzak ýyllaň örtügini serp-de gel,
Uzak ýyllaň aňyrsynda galan ýar

Halyl Kulyýew
17
105
Selwi
3 Sentýabr 2022
Birinji soygilini yada saljak bu gosgy
gulshatayewa97
3 Sentýabr 2022
Radioda aýdymynam diňläpdim bir gyz aýdýa🥰
zohre_yyldyz
3 Sentýabr 2022
Sagbol
Myhman Myhman
3 Sentýabr 2022
Ajap😙😙😙😙😙
wolf
3 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
gulserem
3 Sentýabr 2022
ಥ‿ಥ. Gowja gosgy👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.