abdy_dayy
03.09.2022 10:33
DUTAR BILEN AJAL
Mylly aga bagyşlaýaryn.
«Aýal bagşy» poemasynyň
temasyna wariasiýa.

Ölüm ýassygynda ýatyrdy ene.
Gapyň agzynda-da otyrdy Ajal.
Ene balasyna ýüzlendi ýene:
«Getir Dutaryňy,
Çal, köşegim çal!

Gözlem ýumulsa-da çalyber, oglum,
Belki, ol ýumulan gözlermi açar».
Çaldy ogly, çaldy, ýene-de çaldy.
Bir aýlap yzyna serpikdi Ajal.
Ýene erbetleşdi enäniň haly.
Ene ýene diýdi: «Çal, inerim, çal!»
Çaldy ogly, çaldy, ýene-de çaldy.
Ýene-de bir aýlap serpikdi Ajal.

Ýene agyrlaşdy enäniň haly.
Ýene gaýtalady: «Çal, batlyrak çal!»
Çaldy ogly, hasam batlyrak çaldy.
Bu gezek üç aýlap serpikdi Ajal.

Ýokmuşyn diýýärler gudrat diýen zat,
Bu gudraty görse gudratam gaçar.
Dünýäde hemmeler saz çalýan bolsa,
Meger, başyn alyp gaçardy Ajal.

Ýene-de haýallap başlady ene.
Ene dýýdi: «Demim bolmaka tamam,
Kyrk ýyllap içimde berç tutup giden
Bir syrymy saňa açaýyn, balam.

Saza senden beter aşykdym menem.
Çalýana-da aşyk, saza-da aşyk.
Bir gezek on alty ýaşlyja gyzkam,
On alty depäniň üstünden aşyp,
Gitdim goňşy oba saz diňlemäge,
Çalýardy dutary bir gerçek ýigit.
Palçykdan adamyň şeklin ýasasaň,
Şoňa-da saz bilen jan berjek ýigit.

Ýetende küküräp iň belent perdä,
Näme bolanyna özümem haýran,
Ýigidiň gujagna özüm okladym...
Şol ýigit hem seniň ataňdy, balam.

Dünýäden bimyrat ötüpdi ataň.
Indi şol myrada sen ýetdiň, balam.
Tä ömrüň ötýançä ýöret bu käri,
Ýedi kowmuňa-da öwretgin, balam...»

Gürrüňini zordan tamamlan ene,
Diýdi balasyna «Çal, ýene bir, çal...»
Çaldy ogly, çaldy. Ýöne bu sapar
Gaty çyny bilen gelipdi Ajal –
Şonda-da tamasyn üzmedi ene.
Ýene pyşyrdady: «Çal, ýene bir, çal!..»
Birden doňup galdy oglunyň eli.
Dutar ýere gaçdy... Gaçmasa weli,
Şu gezek baş alyp gitjekdi Ajal.

AWTORY: KERIM GURBANNEPESOW
24
61
Myrataly
3 Sentýabr 2022
CrAzY Girl,
wolf
3 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Myhman Myhman
3 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍
abdy_dayy
3 Sentýabr 2022
🌼sere, gowy ekenmi ozn calp bilyanmi ya yarlaryny yoneje kakaydynmy
gulserem
3 Sentýabr 2022
Dutary bir gezek çalyp gordum...ilkinji we soñky gezek!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.