perizadym
03.09.2022 00:06
Durna diýilýän guşy ( ol barada birmahallar goşgy baryny
ýazanam bolsam ) şu çaka çenli beýle ýakyndan synlap görmändim…
Asyl ol ullakan hemem göýä jadysy bar ýaly adamy özüne aňkardyp
goýýan ekeni.
Durnanyň özünden öň owazy gelýär. Onsoň owazyny yzarlap
hataryny taparsyň. Taparsyň-da birdenem ýene ýitirersiň . Şeýdip, bu
syrly göç asmanyň alyslyklarynda ýitip gidýänçä işli bolsaň işem edip
bolmaýar, kararyňam elden gidip barýan ýaly bolýar…
Şol saparam ýaşyl – ýaşyl ýaýlalaryň üstünden kerwen gurap
durna bary geçdi. Olaryň bolşy bu golaý goltuma gonarly – da däldi.
Ýöne göçünden galdymy, azaşdymy, ýa ýaraty bolup geldimi, bilmedik,
garaz, biziň düşelgämiziň ýanynda bir suraýy durna peýda boldy. Ol
janawer ilerdäki ýaşyl tekizlikde saýlanyp duran üstüne ot bitmedik ak
depejigiň gyrasyndan ýarty göwresini çykaryp, bize tarap seredýärdi.
Bizem gadymy kümmetiň ýykyk – ýumruk ýerlerini düzetmegiň aladasy
bilen gümra bolup ýören adamlar. Bu gum – guklyk, çola ýerde
töwerekde näme üýtgeşiklik bolsa derrew gözüňe ilýär. Ýeke men
gördümmikäm diýsem, oglanlaram eýýäm görüpdir eken. Biz onsoň ony
ürküzmesiz, azar bermesiz etdik. Gaýtam, gezekli – gezegine dürbi tutup,
kino tomaşa edýän ýaly ine – gana synlamaga başladyk. Gudraty
güýçliniň döreden bu nepis zynatyna haýranlar galýardyk. Onuň uzyn
aýaklary kümüşsow ganat – perleri, neşter ýaly çüňki, messan – messan
ýöräp, saga – sola towlanyşy… Biz göýä asman perisini synlaýan ýaly
bolýardyk. Günortan garbanyp boldugymyz ýassyga ýaplanyp dürbä
ýapyşýardyk. Içimizde iň ýaşyragymyz Mekandy. Ol hemmämizden
öňürti dürbini garbap almak üçin naharynam çalak – çulak, howlukmaç
iýip, elini ýüzüne sürtip “Omyn” diýýärdi – de dürbiniň gözlerini
elýaglygy bilen süpürmäge başlaýardy. Ýalkabam onuň çetine degjek
bolup, her sapar bir zat diýip galýar: “Hany, Zybagözeli synla bakaly…
Ýöne “öýe gaýtjak” gürrüňiňe başlaýmagyn – how!”
… Şeýdip biz öz durnamyz bilen öwrenişip başladyk. O janawerem
bizden zowal ýokdugyny aňsa – aňýandyr – da indi känbir ozalkylary
ýaly bukuljagam bolanok. Töwerekden ot – çöp çöpläp, ak depejigiň
etegindäki oýa ýygnanan suwdanam suwlap gezip ýör.
Şol depejigiň ses ýetim ýanynda Myrat aganyň kümesi bardy,
kümäniň yýk tarapy – da goýun agyl. Geň ýeri goja goýunlary örä tarap
örüzip goýberýär, agşamara mallaryny ýene agyla dolaýar, ýa eline
kündügini alyp täret kylmaga barýandyr, garaz, girip – çykyp töwerekde
aýlanyp ýör, emma welin durna ondanam känbir heder edýäne
meňzemeýärdi. Ýa – da Myrat aga ony görenokmyka? Kim görmese – de
Myrat aga ony hokman göräýmeli. Eý – how, edil gapdal ýanynda tokly
ýaly bolup, aga – ýana gezip ýören zady Myrat aganyň görmejek gumany
barmy? Ýöne, basym bary aýan boldy. Eýsem – de bolsa bu guş ýeke
biziň guşumyz däl, bizdenem beter Myrat aganyň guşy eken – ä …
…Men indi her gün täsin bir pursaty synlaýardym. Oglanlar
kümmetiň üstünde, içinde iş bilen gümra, menem kitap okap, ýaz – poz
bilen. Ýöne her gün öýle namazyndan soň, Myrat aga alma gülli gyzyl
termosy bilen ak käsesini eline alyp çykýar welin, menem dürbimi elime
alýaryn… Hon – ha, Myrat aga donuny ýelbegeý atynyp, agsaklap, ýuwaş
– ýuwaşdan durnanyň düşlän ak depejigine tarap bäş – on ädim ädýär –
de aşak oturýar. Soň – onsoň telpegini ýassyk ornuna tirsekläp, çep
gapdalyna gyşaryp, termosyndan käsesine çaý guýýar. Onsoň özüniň
“geň myhmanyny” synlamaga başlaýar.
… Nirelerden gelip, nirelere barýaň, janawer? Allatagala seni ne
beýle üýtgeşik, ne beýle owadan edip ýaradypdyr. Sen kimsiň? Melekmiň
ýa perişdemiň? Biziň öwlüýämize – zyýarata geldiňmi ýa? Ýaraly bolsaň,
ýaraňa melhem edeýin… Ýok, golaýyňa barsam, ürker gidersiň . Sen
gowysy gitme, şu ýerdejik geziber. Bizem seniň ýaly bu dünýede ötegçi
bir myhman ahbetin. Myhman diýilýäne hormat edilýändir. Bizem bir
ýere barsak, şükür, hormatymyz bar, sylagymyz bar. Belki ahyryýetde –
de şeýle bolgaý… Sen bir habarmyň ýa?
… Men bu goja bilen durnanyň syrly söhbetini synlap ýatyşyma
ymyzganýaryn. Bir haýukdan soň durnalaryň gykuwlaryna tisginip,
oýanýaryn. Düýşümmikä?! Ýok, düýşüm däl. Myrat aga kümesine tarap
agsaklap barýar, biziň ýeke durnamyzam ak depejige çykypdyr – da
durna hataryna owsun atýar. Boýny üzülere gelýär, janaweriň. Men
ellerimi galgadyp, ony uçurmakçy bolýaryn.
Uç – aý ahyryn … Uç! Uç!
Biziň durnamyz uçmady. Birje gezek hyýallanyp, ganatlaryny
ýaýyp, ylgarlan ýaly etdi – de duruberdi. Onuň göçegçi guşlara goşulyp
gidip bilmeýändigine oňa hiç bir kömegimiň degmejekdigine ýüregim
gyýyldy. Şonuň üçinem men onuň bu alaçsyz ýagdaýyny görmejek bolup
işläp ýören oglanlara tarap gitdim. Bular ýaly zady göreniňden görmäniň
gowy. Onsoň gün ýaşdy, garaňky düşdi. Durna – da tümlüge siňip, bir
ýerlere sumat bolup gitdi.
Şol günüň ertesi esli wagtlap nämüçindir durna görünmedi. Emma
öýlän ýene – de Myrat aganyň gyzyl termosyny goltuklap ilerik
ýönelendigine gözüm düşdi… Hany meniň dürbim niredekä? Ýapa
ýaplanyp, telpegini tirseginiň astyna alan goja ýene –de syrly myhmany
bilen sözsüz söhbetine başlady.
…Sen ozal bu ýerden kän geçensiň. Ine, bu günem galmaly
bolduň. Ho – on – ha, deňiň – duşuň geçip barýar…
…Göçünden galan bu ýeke durna bilen garry gojanyň arasynda
nähilidir bir meňzeşlik bar ýalydy. Ýa bu durna – da Myrat aga ýaly
garrap, ýekesiräp ýörmükä?
Bu boluş adaty bir boluş däldi. Bu ahwal ýaz gününiň düýşi ýaly
bir pursatdy. Şonuň üçin hem bu geň ýagdaýyň nähilidir bir syrly, agyr
soňlamasynyň boljakdygyny süňňüm syzýardy.Näbelli gorky maňa hiç
ynjalyk bermeýärdi.
Bir gün onsoň irden ýaşyl “Moskwiç” geldi – de Myrat agany oba
tarap alyp gitdi. Kän wagty geçmänkä – de Myrat aganyň ogly Jepbar
geldi motoryny tarladyp. Basan ýerinden ot çykýan ýigit töwerege, agyl –
öwsellere serenjam berip, hars urdy. Birdenem şol tarapda tüpeň sesi
towhullap, töwerege ýaň salyp gitdi… Biziň üç oglan üçimizem duran –duran ýerimizde doňup galdyk. “Haý bolmady – ow”. Wah, indi giçdi.
Indi etjek alajyň ýokdy. Şonuň üçinem kelam agyz geplemän işli –
işimize ýöneldik. Agyr duýgylary agyr iş ýeňýär…
Agşamara “oljaly” horjunyny motorynyň yzyna bökderen Jepbar
tar – tarlap oba bakan gitdi. Onuň yz ýanyndanam irdenki gelen
“Moskwiç” Myrat agany bu ýere düşürip, yzyna dolandy. Elbetde,
gojanyň Jepbaryň “iş bitirip”gidendiginden habary ýokdy…
Ýene – de ýaldyrap gün dogdy, ýene – de gün öýläne sandy.
Myrat aga – da ýaplanyp çaý içip, durnasyny synlamak üçin öýünden
çykdy. Han – ha ol hälden bäri pessejik ak depäniň üstünde gymyldaman
dur. Töweregi synlap kän durdy. Ol şu wagt biziň göçegçi guşlara
goşuljak bolup, uçmakçy bolup uçup bilmän galan durnamyza
meňzeýärdi… Ahyrsoňy ol bize tarap ýöneldi. Bizem öten agşam
maslahat edip, bilip bolmaz birden guş hakynda soraýsa, gojany
gynandyrmazlygy karar edipdik.
------ Be – eý, iniler diýýän – ä, meniň şojagaz ýerde bir
durnam bardy welin, heý, siziň habaryňyz barmydyr? Onuň reňki soluk,
hasratdan doly gözlerine seretmäge daşdan gaty ýürek gerek, olam bizde
ýok. Hamala bu bolan işe özümiz günäkär ýaly başymyzy aşak salyp
otyrys.Her näme – de bolsa gojany köşeşdirmelidi. Şonuň üçinem men :
------ Düýn – öňňin – ä bir durna gözüme kaklyşdy, Myrat aga.
Ýöne men – ä ol uçup gitdimikän öýüdýän. Ýerden – ä bir göterilen ýaly
boldy… -- diýip, ýalan sözlemäge başladym. Gürledigimçe – de şu
pursatda hakykaty aýtmazlygyň nähili zerurdygyna düşünýärdim. “Seniň
durnaňy düýn ogluň atdy” – diýip, bolarmy? Nädip diýjek! Hakykat – a
şol. Aýt – da hany aýdyp bilýän bolsaň! Aýtmaly däl ýerinde hakykaty
aýtmaly däl. Şu – da bir hakykatdyr.
… Myrat aga görgüli biziň ýanymyzda – da uzak oturyp bilmän
kümesine tarap gyrmyldap gitdi…
* * *
Aýlar – ýyllar geçdi gitdi. Myrat aga pahyryň dünýeden ötenine
– de kän wagt bolupdyr. Ýöne her ýyl şindi – şindilerem ýazda ýa güýzde
dünýäni owazdan dolduryp durnalar gelende nähilidir bir saý-sebäp bilen
göçünden galan ýalňyz durnanyň hemem ýekesiräp ýören garry gojanyň
bir pursatlyk duşuşygyny ýatlap birhili bolýaryn.
Onsoň meniň bu gussaly ýatlamam durna hataryna goşulyp asmanyň
alyslykarynda ýitip gidýär…


Ahmet Halmyrat
6
40
wolf
3 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.