Dusia
02.09.2022 19:31
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.

Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.

21
153
ArslanYazly
3 Sentýabr 2022
Dusia, beyin bedava!
Dusia
3 Sentýabr 2022
ArslanYazly, hawa )
ArslanYazly
3 Sentýabr 2022
Dusia, Kerim aga?
wolf
3 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
SerdarMyradov
2 Sentýabr 2022
🐧🐧🐧😍🐧
gulshatayewa97
2 Sentýabr 2022
Ýol agyrdyr müň ýanylar öçüler... Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler...💖🌷🌺💕
Dusia
2 Sentýabr 2022
Bitter, seniň pikiriňede ýalňyş diýip bilmen, çünki aklyň ýetenini sözleýäň bu seň ýazygyň däl :) (hemme zada göni manyda seretme, umman ýaly giň manysy bar bolmagy ähtimal!)
Myhman Myhman
2 Sentýabr 2022
Registrasiya bolup bilemokdaray

Rapunzel🌸 dip regs etdim iceri hm girdm yone yene myhman bolup durun. Online agzalarda Rapunzel diyip cykypdur yone mende so akaunt cykanok 🤦‍♀️🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.