Relax
02.09.2022
Dünýa
73
5 925

Mihail Gorbaçýow aradan çykdy


SSSR-iň birinji Prezidenti Mihail Gorbaçýow 91 ýaşynda aradan çykdy.

Mihail Gorbaçýow SSSR-iň birinji we ýeke-täk Prezidentidir. Ol 6 ýyl ýurdy dolandyryp, ýurdy hem-de dünýäni üýtgeden döwlet adamy hökmünde taryha girdi.

Düýnäniň taryhyna reformator ýolbaşçy hökmünde giren Mihail Gorbaçýow 1985-nji ýylda sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň (KPSS) baş sekretarlygyna saýlanandan soňra öwrülişikleri amala aşyryp başlady. Ol soňra SSSR-iň Ýokary Geňeşiniň ýolbaşçysy boldy. Şonda prezident wezipesini girizmegi we Konstitusiýada partiýanyň dolandyryş roly hakyndaky maddany ýatyrmak barada teklip bilen ýüzlenen ýolbaşçydyr.

Dünýäniň köp ýurdunyň dillerinde Gorbaçýowyň “täzeden gurma” (перестройка) we “açyklyk” (гласность) sözleri öz ornuny aldy. Gorbaçýowyň esasy başlamak ýaly ýörelgesi köp ýurduň goldawyna mynasyp boldy.


Gorbaçýow syýasatdan gidenden soň hem resmi däl ýagdaýda dünýäniň liderleriniň klubynyň doly hukukly agzasy bolup galan rus syýasatçylarynyň biridir. Ol ABŞ-nyň ozalky Prezidentleri Ronald Reýgan, Jorj Buş, Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Margaret Tetçer, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ozalky Kansleri Gelmut Kol we beýleki köp sanly ýolbaşçylar bilen gowy gatnaşyklar saklan ýolbaşçydyr.


Gorbaçýew 1990-njy ýylda parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny gazandy. Mundan başga-da, ol syýasy durmuşynda 300-den gowrak döwlet we jemgyýetçilik baýraklaryna, diplomlaryna, hormat hatlaryna we medallara mynasyp hasap edildi.

Mihail Gorbaçýowyň aradan çykandygy sebäpli köp sanly döwlet we syýasy ýolbaşçylar özleriniň gynanjyny bildirýärler. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bu barada beren beýanatynda: “Taryhyň ugruny üýtgeden lider” hökmünde belläp geçdi.


Mihail Gorbaçýow 1931-nji ýylyň 2-nji martynda dünýä indi. Ol 1955-nji ýylda M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady

Kenno_Tabi
17 Yanwar 2024
@ilgeldiyeva, SSSR döwri näçe ýyl ýaşadyňyz?
tmyigit76
8 Yanwar 2024
@ilgeldiyeva, aýtsaň aýdaýmalysy bar weli, baş çopan edip köri belleseň barjak ýeriň nabelli diýäýmeseň
ilgeldiyeva
8 Yanwar 2024
@garamyratt, millet bolup name gazandyk parahorlygy gazanan bolaymasak. Sssr döwri gowydy in azyndan adalat diyen zat bardy
ilgeldiyeva
8 Yanwar 2024
@garamyratt, millet bolup name gazandyk parahorlygy gazanan bolaymasak. Sssr döwri gowydy in azyndan adalat diyen zat bardy
garamyratt
23 Sentýabr 2023
SSSR-i pytradan adam. Şol Täçmihail aga bolmadyk bolsa Türkmenler entägem şol ruslaryñ gullugynda bolardy. Milletçiligimiz ýitip giderdi.
1155
20 Sentýabr 2023
Jayyñ Jennet Bratok...
smbg
18 Sentýabr 2023
@AýgülÝazweliýewa, salam
mihai
10 Sentýabr 2023
Jaýy jennetde bolsyn
nur77
6 Iýun 2023
Myhman myhman kelläň çüýrük öýdýän...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.