Gülhan
01.09.2022 09:29
Men nämüçin seni beýle söýýärkäm?!
Kalbymdaky gussalara deňänim.
Özümem şeýlebir haýrana galýan,
Göge ýetip gidýänine depämiň..

Üzülüp gaçypdyr arşyň gözünden,
Göz monjugy ýaly iri damjalar.
Hiç bilip bilemok onuň sebäbin,
Sen geleňde süýjäp gidýä ünjüler..

Men nämüçin seni beýle söýýärkäm?!
Ýapraklar ýere däl gaçýar döşüme.
Bilýäň-ä ertesi toýberýärin men,
Eger agşam käbäm girse düýşüme..

Sary sähra, sary öýme, sary don....
Janyma şeýlebir hoş ýakýar bary.
Ykbal seni darap ýörmez gazaply,
Eger birçak köýen bolsada ary..

Men nämüçin seni beýle söýýärkäm?!
Ruhumyzda barmyka ýa meňzeşlik?!
Şatlanyp bilmedim gussa çümeňde,
Bir gujaga, bir ýürege ýerleşdik...

... Gussaňdanam şatlyk ýasajak borun,
Bu durmuşy ýaşap döwran sürýärkäm.
Sözde jogabyny berip bilemok,
Güýzüm seni neçüýn beýle söýýärkäm?!
17
150
HangeldiAmanberdiýew
6 Oktýabr 2022
Awtory sizmi ?
wolf
1 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
gulserem
1 Sentýabr 2022
Manyly gosgy...🍁🍁🍁
alisherxon
1 Sentýabr 2022
Gowy gosgy 👍👍👍👍😍😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.