awesome
01.09.2022 08:48
Güýzi söýýän gyza

Taparyn men güýze meňzeş ol gyzy
Mämmetnazar BABANAZAROW.

Ýürek arzuwlarym dilimde dessan,
Onsoň gussa güzerinde eglenmen.
Zülpleri tylla nur,
Gözleri asman,
Güýze aşyk gyza aşyk oglan men.

Inçe duýgularma gözbaş-hanadyr,
Ýalňyz özi şahyr kalbyň eýesi.
Alan demim şonuň bilen sanadym,
Şonuň özi duýgularmyň seresi.

Güýz diýsem şol gyzy salýan ýadyma,
Meň üçin şol gyzdan başlanýar her güýz.
Ýapraklar zer öwsüp başlan badyna,
Dünýä meniň üçin öňküden eziz.

Oň barynda düşmen alada-derde,
Ozalynda şol gyz üçin doglan men.
Manyly, mähirli, sypaýy, syrdam,
Güýzi söýýän gyzy söýýän oglan men.

Sylapberdi MUHAMOW
20
64
RuníA
3 Sentýabr 2022
Nice✨!
wolf
1 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
alisherxon
1 Sentýabr 2022
Meň üçin şol gyzdan başlanýar her güýz. 👍👍👍👍
Gülhan
1 Sentýabr 2022
Soňky setir...😇🕊️
Aýgül🌙⚘
1 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.