"Mekdep durmuşumdan".
Ýada düşýär:buz örtülen ýollardan
Eýläk-beýläk Mekdep diýip gatnanym
Öz erkime ýantorbamy süýrärdim
Okamaklyk bolmasa-da matlabym
Synplaň içi gülki bilen dolardy
Bir hyýally oglan-gyzlar üýşende
Şol gyzlarda telim göwnüm galandyr
Günde birin alyp gaçyp düýşümde
Günsaýyn däl,sagatsaýyn ösýärdik
Göz öňümde ýigit çykdy barysy
Birmahalky gar oýnaşyp ýörenleň
Pikirlerniň giňäp gitdi örüsi
Biz bilen deň okuw okan gyzlaram
Gözlerin gyrpyşyp saçlaryn ördi
Şeýdip,onsoň bizi mugallym däl-de
Şol galam-gaş gyzlar okatdy ýördi
Matlapdan,kitapdan açyldy ara
Mekdebede şolar üçin gatnalyp
Soňra bir gün şo-ol gutardyş geldi-de
Töweregmiz dolap aldy batgalyk
Öz ýoluna tutup gitdi barysy
Öz ugruna çapyp gitdi atlaryn
Görmek üçin şol mähirli ýüzleri
Soň-soňlaram mekdebe kän gatnadym...
Ýazan:Myrat Işangulyýew
⏳Wagt, damja-damja akyp barýar..