Ýüregiň böküp dur, dünýä sygaňok,
Sähel zada gülen 18 ýaşym.
Uly dünýä bir garaýşa degenok,
Wah, özgesi ýalan, 18 ýaşym.
Duýmandyryn neneň-niçik geçenin,
Toýlarda tans oýnap serden geçenim.
Şo-ol gözeliň gözlerine gaçanym,
Girdaba gark bolan 18 ýaşym.
Çolaşasyň geldi dilber näzine,
Sataşasyň geldi söýen gyzyňa,
Biygtyýar düşdüň gitdiň yzyna,
Ýatlamadan gelen 18 ýaşym.
Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar
Wada berýär, wagty bilen çykmaýar,
Agşam Aý yşgyna şöwür çekmeler
Bar wagtyny alan 18 ýaşyň.
Ähli ahmyr-armanlarmy alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim,
Diläniňe bitse, ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan, 18 ýaşym!
Diýdi: "Şahyr, gury hyýal haýyşyň",
Ýyllar gulagyma çakdy çawuşyn.
Indiki ýaşlardan ýalňyz haýyşym:
Gadyryny biliň 18 ýaşyň!
Toýly Öwezow