Relax
31.08.2022
Täsin
53
3 796

Täçmahal-ýedi täsinligin biri🕍


Hindi şahyr: “Adamlar iki topardyr. Täçmahaly görenler we görmedikler” diýär. Elbetde ýöne ýere dünýäde ýedi täsinligiň biri bolmandyr. Ýek-tükleriň “Görenem puşman,görmedigem “diýän ýedi täsinligiň biri bolan Täçmahala, “Görmäge göz gerek,taryp etmäne söz” diýänler köp.

Şah Jihan 10 ýaşynda doglan gününe berilen altynlaryň sany-sajagy ýok. Duşmanlary bardy bu ýaş şazadanyň : Doganlary. Elbetde her wagt uly dogan şalyga geçip bilenok. Şol wagt 10 ýaşynda Erjüment Banu(Mümtaz Mahal) bilen kagyz üstünde nikalanýar. 16 ýaşynda aşyk bolup,öýlenmek üçin 5 ýyl garaşýar. Aradan 15 ýyl geçip Şah Jihan üstü-üstüne gazan ýeňişleri bilen at-abraý gazanýar. Ol wagt hökümdar, ozalky paýtagty bolan Agrada Gyzyl galada (Red ford)bolýardyrlar. Birnäçe gyzlar köşkde şazadaň emrindedi emma, aşyk, Mümtaz Mahala bolan söýgüsi gözüni kör eden. Mümtaz Mahal owadanlygy,akyly bilen tanalýady. Şah Jihan söýgüli aýalyny giden ýerine alyp gidip,onuň pikirlerini diňläp,halaýan zatlaryna üns bererdi.

Höhümdarlygyň barlykly mahaly, Şah Jihan höhüm sürýärkä aýaly Mümtaz Mahal, çaga üstünden aýrylýar. Şah Jihan aýalynyň ölümünden soň, 8 gün iýmän-içmän otagyndan çykmaýar. 9njy gün otagyndan çykyp daşary çykan mahaly,saçynyň agaryp,çökügli halda görülýär. Döwlet işini oňaýly ýerine ýetirip bilmän başlaýar. Söýgüli aýalynyň ölmeden öň islegini(görülmedik üýtgeşik zat) ýerine ýetirmek üçin ussalary çagyrýar. Ussalar saýlanyp seçilip Orta Aziýadan getirilýär. Şah Jihan Gyzyl galanyň ýanyndan Ýamuna derýasy geçsede özüne görünip durmasyny aýtýar .

Derýaň ýany bolany üçin deň agramlygyny saklamak üçin, piller bilen daşlar getirilip ýerden belli bir möçberine çenli goyup, daşdan dag ýasaýarlar. Ak mermerleriň yanyndan gyzyl we gara mermerlerem getirilip,şekildir suratlar çekilip gurulan Täçmahalyň geomertik çygyzy,sany,şekline häzirki inzhinerler haýran galmakda. Şekilleri emele getirmek üçin hiçhili galam,reňk ulanylman diňe mermeri oýup gara,gyzyl mermerden şekil ýasalan. Giren mahalyň Täçmahal hamana daşlaşýan ýaly görnüş bar,yza tarap ýöräniňde ýakynlaşýar. 4 sany minarasy daşyna egik dur azajyk eger,güýçli ýer titräp minaralar ýykylan mahaly daşyna ýykylmasy üçin. 4 minary uzakdan göni seredeniňizde, yzky minaralar görnenok. Her bir goýulan şekil,gapy Täçmahalyň 4 tarapynda hem edil şol ýerinde şol şekilde gurulan. 4 tarapyna bolsa Kurandan, Yasin aýaty aýratyn we üýtgeşik ýazylypdyr. Uzynlygy 82 metr. Howa gyzgyn bolsada içi salkyn. Sag tarapynda metjit,çep tarypynda myhmanhana bar. Käbir maglumatlarda 20 ýyl diýilsede Täçmahal 22 ýylda 1652-nji ýylda gurulyp gutarýar. Girişdäki binaň üstünde 22 sany gümmez goýulyp, 22 ýyldygyny aýtmakda Täç Mahalyň diwarlarynda altyn,merjenleriň bardygy orta atylan emma, nä dereje dogrydygy belli däl.

Täçmahalda günde 20müňdenem köp ussa işlän. Ertekilerde,gaýdyp gurulmasyn diýip, ussalaryň ellerini kesilendigi aýdylýar. Ussalaryň, agtyklarynyň agtyklaryny Täç Mahalyň ýanynda saklaýarlar. Her Anna güni olar aýlanyp, synlap, käbir mermerlere zeper ýeten bolsa täzeleýärler.

Dünýädäki gurulan iň romantik bina hasaplanylýan Täç Mahala “gideniňizde, ýüregiňizde ýanyňyzdan alyp gidersiňiz”diýipdirler. Muny gurmak üçin döwlet gaznasyndan giden altynlaryň sany-sajagy ýok. Güýç bilen söýgi birleşip emele gelen Täçmahalyň ýanyndan Şah Jihan özüne gara
mermerden gurduryp başlan mahaly ogly,tahtdan düşürüp, tussag edip goýýar we şol tussaghanada-da aradan çykýar.

Täç Mahala ýylda 3 milýondan hem köp turist gelýär. Gurulmak üçin gaznadan sanalgysyz çykdaýjy çykarylan Täç Mahalyň girdeýjisi ,şuwagt Hindistanyň ekenomikasynda uly rol oýnaýar.


ledi
24 Fewral 2024
Içini göresim gelýä içiniñ suraty hiç hili görkezilenok näme üçinkä
ledi
24 Fewral 2024
Içini göresim gelýä içiniñ suraty hiç hili görkezilenok näme üçinkä
hosbek
10 Oktýabr 2023
Taryhy uly
kpop
29 Sentýabr 2023
@Myhman Myhman, näme üçinkä özüniň bilýäňizmi sebäbini
akga
30 Awgust 2023
Men Täçmahala baryp gördüm.
zawa
17 Awgust 2023
Gowy gyzyk ekeni
ayenesh
3 Iýul 2023
Täç Mahaly göresim gelyär.Tarypy gaty uly
serdarowna
3 Iýun 2023
Meniňem Täçmahaly göresim gelýär
serdarowna
3 Iýun 2023
Meniňem Täçmahaly göresim gelýär
Myhman
17 May 2023
Bilmek gyzykly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.