“Men saňa ynanýan”. Çagalar bar güýji bilen özlerine bildirilen ynamy ödemek isleýärler. Özlerine ynanylýanyny duýanlarynda olaryň ilki bilen-ä özlerine, soňra bolsa daş-töweregine bolan ynamlary artýar. Eger-de ene-atalar “Senden birzat çykmaz”, “Sen oňarmarsyň” ýaly sözler bilen çagalaryna ynanmazçylyk etseler, kiçijik adamjyk hemme zady içine atar, özüni ýeke duýar. Şonuň üçin olara ýygy-ýygydan “Men saňa ynanýan” ýaly göwnüni göterýän sözleri aýdyň.
Çagalar dünýäni özleriniň dolandyrýanyna ynanýarlar. Maşgalada bolup geçýän gowy ýa erbet wakalaryň ählisine özlerini jogapkär saýýarlar. Olary özleriniň siz üçin iň uly baýlykdygyna ynandyryň. Hiç hili ýagdaýda “Men seň üçin hemme zatdan ýüz döndermeli”, “Eger sen bolmadyk bolsaň men...” ýaly sözleri aýtmaň.
“Men seni söýýän”. Çagalar özüniň haýsydyr bir şertler ýa-da hereketleri däl-de, özleri bolany üçin söýülýändigini duýmaly. Oňa “Sen meni aldadyň, indi men seni halamok” diýmegiň ýerine “Men seni gowy görýän, ýöne seň jigiňi urmagyň gowy hereket däl” diýip düşündirilende gowy düşünýärler.
“Men saňa düşünýän”. Oýunjagyny ýitirmek, dosty bilen tersleşmek, garaňkylykdan gorkmak – bular çagalar üçin gaty uly gorkular ýaly görünýär. Şeýle ýagdaýlarda göwünlik berilmegine mätäç bolýarlar. “Aý, ol ýönebir oýunjakdyr-da, nämä gerek şol?”, “Ruh diýlen zat hakykatda ýok” ýaly sözlere çagalar entek düşünmän bilerler. Bulary öwrenmek tejribä daýanýar, çagalarda welin, heniz tejribe ýok.
“Hemme zat başa barar”. Hemme zadyň öz-özünden bolup gidýänine ynandyrmak üçin ene-atalara çagalaryna goldaw bermek gerek. “Seniň başarjagyňy bilýärdim” “Saňa guwanýarys” ýaly sözleri aýtmak çagany ruhlandyrýar. “Aglak”, “Özüni oňarmaz” ýa-da “Sen hemişe utulýaň”, “Sen gaýtargy beribem oňaraňok” ýaly sözler olaň özüne bolan ynamyny peseldýär.
“Biz hemişe seň bilen”. Näme bolsa bolsun, ene-atasynyň hemişe özüne kömek etjekdigini bilmek, çaga kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edýär. Gündelik durmuşda bar işiňi gyra goýup, ünsüňi diňe çagalaryňa berip bolmaýan wagtlaram bolýar. Ýöne siz oňa “Gyzyklydygyny! Häzir işlerimi bolup, hemmesini diňlärin” diýeniňiz “Men häzir işli” diýeniňizden has düşnükli bolar.