awesome
27.08.2022 23:24
İSA ÝER ÝÜZÜNE INSE...

F.Dostoýewskiniñ iñ soñky ýazan "Doganlar Karamazowlar" romanynyñ iñ täsin bölümi "Beýik inkwizisiýaçy" bolsa gerek. Bu bölümde ynanç eksplutasiýasy we din ýoýulmalary juda gowy suratlandyrylypdyr, muny okan ýaş-ýeleñ okyjylar "näme üçin bu ýazgyda aýdylanlar hiç üýtgänokka" diýen pikiri etmekleri mümkin. Awtor Hezreti Isany (a.s) ýer ýüzüne inderýär, emma, isleseñiz, sizem hyýalyñyzda Hezreti Isanyñ (a.s) deregne Hezreti Muhammedi (s.a.w) goýup okap bilersiñiz, hiç şübhäm ýok: yslamyñ statusly wekilleri romandaky Kardinaly küýsetmese gerek. Hatda “sen dini bileñok, bize tabyn bol” diýmäge het edip, onuñ añyny bulaşdyrmaga synanyşjaklaram az bolmazmyka diýýän. Geleliñ hekaýamyza:
XVI asyr. Inkwizisiýanyñ möwç alan ýyllary. Hezreti Isa (a.s) Ispaniýanyñ Sewilýa diýen ýerine inýär. Adamlar ony derrew tanaýar. Görkezýän san-sajaksyz mugjyzalaryndan ötri adamlar onuñ aýagyna ýykylýar. Gojalşan, sokur kör adamyñ gözüni açýar, ýañy ölen gyz çagany direldýär. Şoñ üçin pygamberiñ daşyna toplanan adamlaryñ sany-da barha artmak bilen bolýar. Emma bolup-geçýänleri uzakdan synlap duran Kardinalyñ muña gahary gelýär. Şoñ üçinem ol nökerlerine buýruk berip, Isany tussag etdirýär. Çünki Isa dowam edip gelýän düzgüni bulaşdyrýar we endige öwrülip giden nogsanlyklaryñ köküni yraýar. Isa saklananda, onuñ töweregine üýşen mähelläniñ özüni alyp barşy şobada üýtgeýär! Olaryñ barsy şobada “bir bitewi barlyk kimin inkwizitoryñ öñünde ýer bagyrtlaýarlar.”

■ MUGJYZA, SYR WE AWTORITARIZMIÑ GÜÝJI

Isa zyndana atylýar. Mundan soñky bolup geçen dialoglarda adamyñ, belki-de, iñ erkin bolmaly ýerinde nähili mallaşdyrylýandygy we añynyñ nähili ýesir alynýandygy suratlandyrylýar. Dostoýewskiý “Adam Hudaýdan zyýada mugjyzalar gözleýär” diýýär.
Kardinal Isanyñ ýatan zyndanyna gelip, oña: “Bize täzeden habar berjek zadyñ adamlaryñ ynanç erkinligine zelel berýär!” diýip, ony geplemäge goýmaýar. Kardinal Injilden şeýtanyñ Isa Mesihe garşy gidýän ýerini gozgaýar we okamaga başlaýar:
Birinjisinde, şeýtan pygambere ýerde ýatan daşlary görkezip, olary çörege öwürmegi ündeýär. Isa muny ret edýär we ytagatyñ mugjyza arkaly däl-de, köñülden çykýandygyny aýdýar. Ynanç çörek bilen satyn alyp bolmaýar.
Ikinjisinde, Isany buthananyñ iñ belent ýerine çykarýar we oña: "şu taýdan aşak bök, Hudaýyñ ogly bolýan bolsañ, perişdeler seni gorar" diýýär, Isa “Hudaýy synajak bolma!” diýýär-de, şu ýerde-de mugjyza görkezmekden ýüz öwürýär.
Üçünjisinde bolsa, şeýtan oña: "Maña sežde et, bütin dünýäniñ patyşalygy we elpe-şelpeligi señki bolsun" diýýär. Isa näletsiñen şeýtana diñe Hudaýyñ öñünde sežde etjekdigini aýdyp, ýer ýüzüniñ patyşalygyndan ýüz öwürýär.
Dostoýewskiniñ pikiriçe bu üç pozisiýa Hudaý bilen adamyñ özara gatnaşygynda erkin eradanyñ ähmiýetini aýdyñ ýüze çykarýar. Hezreti Isa (r.a) ruhy erkinligiñ tarapyny tutupdyr. Inkwizisiýaçy muny zyýanly hasaplaýar. Erkin düşünje we onuñ orta atýan soraglary adamy betbagt edýär, aýratynam onuñ “garynja sürüleri” diýýän adamlary dolandyrylmaga degişlidir. Galyberse-de, Kardinalyñ Isa pygambere “Biz erkinligi seniñ adyñdan soñlandyrdyk” diýmegi, ýeke jümlede ähli dinleriñ prinsipini açyp görkezýär.

■ DİNLERİÑ PARADOKSY

Ine, şu ýagdaý din bilen ahlagyñ özara gatnaşygynda diniñ gulçulyk ahlagyny nähili ýagdaýda gurandygyny, şol ahlagyñ diniñ gözbaşyndan uzak awtoritarizm bilen utgaşykly nädip ösendigini aýdyñ görkezýär.
Adamlaryñ ýörän ýoly bilen Hudaýyñ talap edýänleriniñ arasyndaky tapawutlylyk - adamlaryñ ýörän ýolunyñ peýdasyna bolan üýtgeşmeleri döredipdir. Bu üýtgeşmeleriñ binagärleri dini guramaçylykly gurluşa öwren we ony awtoritar forma hökmünde ulanýanlardyr. Gynansak-da, bu ýagdaý hemme dinde birmeñzeş görnüşde gaýtalanýar.

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 30.11.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
15
48
wolf
27 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.