awesome
26.08.2022 23:18
GYŞYK, SAZ ÇALÝAN, TANS EDÝÄN WE UÇÝAN JAÝLAR.
TANS EDÝÄN ÖY.

Dūnýä döwletleriniń her biri özūniñ täsin arhitektura gurluşlary bilen görenleri haýran galdyrýar. Şeýle binalaryń biri hem Çehiýa döwletiniń paýtagty Praga şäherinde ýerleşýän "Tans edýän öýdūr". Binanyñ gurluşygynda täsin şekillerden peýdalanylypdyr. Ol daşyndan göräýmäge tans edýäne meńzeýär. Şonuń ūçin hem ońa şu at berlipdir. Täsin binanyñ gurluşygy 1994-nji ýylda başlanyp, 1996-njy ýylda ulanylmaga berilýär. Onuñ arhitektorlary horwatiýaly Wlado Miluniç bilen kanadaly Frenk Geridir. Görenleri haýran galdyrýan ajaýyp bina iki bölekden ybarat bolup, onuñ çepdäki bölegi tansçy şekiline eýedir. Binanyń çepki bölegine çehiýaly meşhur tansçy gyz Jindjer Rojersiń, sagdakysyna tansçy oglan Fred Asteriñ ady dakylypdyr. Umumylykda bolsa ońa "Tans edýän öý" diýip at berýärler. Bu bina häzirki gūnde meşhur şereketler ūçin işewūrler merkezi hökmūnde hyzmat edýär.


Gyşyk öý.


2004-nji ýylda Polşanyñ Sopota şâherinde gurulan bu ūýtgeşik binanyñ arhitektorlary Şotinskiý we Ýalewski binany suratkeş Ýana Marsina Şanseriñ çeken suratyndan ugur alyp gurdurypdyrlar. "Resident" söwda merkezi bolan bu bina hakykatdan hem optiki ilýuziýany ýadyña salýan gyşyk binadyr.


"SAZ ÇALÝAN" BINA.


Dūnýä döwletlerinde biri-birinden täsin binalar gurulýar. Olaryñ hersi özūniñ binagärçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şeýle täsinlikleriń biri hem Germaniýanyñ Kunsthofpassage etrabynda ýerleşýän "saz çalýan" binasydyr. Muńa şeýle diýilmeginiń sebäbi onuń ýūzūnde dūrli görnūşli tūýdūge meńzeş turbalaryń goýulmagydyr. Ýerli ýaşaýjylar bu ýeri "guýguçly diwar" diýip hem atlandyrýarlar. Aslynda suwuń akmagy ūçin niýetlenen turbalar ýagyş damjalarynyń täsirinden dūrli sesleri çykarýarlar. Ol turbalaryñ inçeli-ýogynly bolmagy täsin saz eseriniń döremegine getirýär. Howanyñ ýagyşly gūnlerinde bu ýerde syýahatçylaryń ençemesi ýygnanýar. Germaniýanyñ ýeke-täk "saz çalýan" binasy hasaplanýan köp gatly ýaşaýyş jaýy heýkeltaraş Annet Poluñ we bezegçiler Kristofor Rossineriñ, Andre Tempeliñ yhlasly zähmetiniń netijesidir.


Uçýan jaý.


Uçýan jaýy britanýaly gözbagçy Aleks Çinnek oýlap tapdy we gurdy. Jaý polistiroldan gurlup, onuń aşaky bölegi ýerde, ýokarky bölegi bolsa howada ýüzüp ýör. Oýlap tapyjynyń aýtmagyna görä, ol öz öńünde adamlara elýeterli, ýöne binagärlik sungatynyń haýran galdyryjy eserini döretmegi maksat edinip goýupdyr. Bu jaýy döretmäge binagärler, gurluşykçy inženerler, metal konstruksiýalaryny taýýarlaýjy, agaç ussalary we beýleki işçiler gatnaşypdyrlar.

Ýöne bu jaýy belli bir derejede saklap durýan ýörüte agyr enjamyń bardygyny belläp geçmeli. Ol gaty synçy adamlar bolaýmasa köpleriń nazaryna ilmez ýaly, ýaşyl tirkegiń içinde gizlenip goýlan.
17
130
Relax
27 Awgust 2022
moana,olam dogry yone blmedimm duzelerdaa
Relax
27 Awgust 2022
moana,gündizkide ulanaý
perizadym
27 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
guga00
27 Awgust 2022
Suratlaryny hem goyan bolsan has gowy boljakdy. Shonnada haladym👍🏼👍🏼
Nurymyrat
27 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
wolf
26 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.