awesome
26.08.2022 23:17
HORHE LUIS BORHES
Argentinaly kyssaçy, şahyr hem publisist Horhe Luis Borhes 1899-njy ýylyň 25-nji awgustynda Buenos-Aýres şäherinde dünýä inýär. Borhes özeninde düýpli pelsepewi meseleleri gozgaýan ýa-da başdan geçirme hem-de detektiw görnüşinde ýazylan gysga sözli hyýaly kyssalary bilen tanalýar. Ol 1920-nji ýylda ispan dilli latyn amerikan şygryýetinde awangardizmi esaslandyryjylaryň biridir.
Horhe Luis ýaşlygyndan şygryýet bilen gyzyklanyp ugraýar. 1906-njy ýylda ol ilkinji «Şum serpinjek» («La visera fatal») atly hekaýasyny ýazýar. On ýaşynyň içindekä, Oskar Waýldyň meşhur «Meşhur şazada» ertekisini terjime etmegiň hötdesinden gelýär.
Borhes özüniň edebiýat älemine gelşini şeýle beýan edýär: «Kiçijikkäm kakamyň batyllyk derdine uçramagy bilen, onuň edebiýatda amal etmäge ýetişmedik işlerini maşgalam meniň üstüme ýüklän ýalydy. Bu duýgy maňa öz-özünden geldi (şulary ýaly ynamyň köki, häki bir ýüzugra aýdylaýýan islege garanda has ygtybarly bolýar). Menden ýazyjy çykar diýip tama edýärdiler. Ýazmaga alty-ýedi ýaşymdakam girişdim».
Horhe dokuz ýaşyndaka orta mekdebiň bada-bat dördünji synpyna kabul edilýär. Bu ýaşajyk oglan üçin gaty ýakymsyz synagdy. Çünki synpdaşlar-a üstünden gülýärdi, mugallymlary-da oňa öwredere täze zat tapman kösenýärdiler.
1919-njy ýylyň 31-nji dekabrynda «Gresiýa» atly ispan žurnalynda Horhe Luisiň ilkinji şygry çykýar.
Ol 1921-nji ýylda Argentina dolanyp gelýär. Onuň eýýäm irki eserlerinde ýanyp duran okumyşlygy, köp dili bilýänligi, pelsepeden oňat baş çykarýanlygy, söze ussatlygy görünýärdi. Borhes öz ýaşaýan şäherinde iki sany žurnaly döredýär.
1930-njy ýylda on ýedi ýaşly Adolfo Bio Kasares bilen tanşan hem dostlaşan Borhes onuň bilen şäriklikde birgiden eserleri döredýär. 1930-njy ýyllarda Borhesiň argentin edebiýaty, sungaty, taryhy boýunça ýazan eserlerinip sany ep-esli azalýar. Şeýle-de «Sur» neşirýaty üçin Wirjiniýa Wulfuň eserlerini terjime edýär. 1937-nji ýylda çap bolan nusgawy argentin edebiýatynyň antologiýasy-da onuň saldamly işidir. Borhesiň «Toslamalar» («Ficciones») eseri Argentinanyň Ýazyjy birleşiginiň baş baýragyna mynasyp bolýar. 1944-nji ýylda Borhes Estel Kanto atly zenana aşyk bolýar, emma olaryň ykbal ýollary aýry düşýär. Onuň «Alef» eseri şol yşkyň eçilen ylhamyndan dörändir. 1950-nji ýylda ol Argentinanyň Ýazyjylar birleşiginiň prezidentligine saýlanyp, üç ýyl şol wezipäniň keşigini çekýär. 1954-nji ýylda Borhesiň hekaýasynyň esasynda režissýor Leopoldo Torre Nilson «Ýigrenje ýugrulan günler» atly filmini surata düşürýär. Şeýle-de Ektor Oliweriň «Öli» filmi-de Borhesiň adybir hekaýasynyň esasynda dörän filmdir. 1965-nji ýylda Astor Pýassolla Horhe Luis Borhesiň goşgularyna saz ýazypdyr. Borhesiň eserleriniň esasynda otuzdan gowrak film surata düşürildi.
Ol 1986-njy ýylyň 14-nji iýunynda 87 ýaşynyň içinde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde aradan çykýar.


HORHE LUIS BORHESIŇ ESERLER ÝYGYNDYLARY:

«Buenos-Aýresiň yssysy («Fervor de Buenos Aires», 1923);
«Aý garşyda» («Luna de enfrente», 1925);
«Derňewler» («Inquisiciones», 1925);
«Umydymyň ölçegleri» («EI tamaño de mi esperanza», 1926);
«Argentinalylaryň dili» («El idioma de los argentines», 1928);
«San-Martin meýdançasynyň depderi» («Cuademo San Martin», 1929);
«Ewaristo Karrýego» («Evaristo C'arriego», 1930);
«Çekişme» («Discusión», 1932);
«Biabraýçylygyň umumy taryhy» («Historia tiniversal de la infamia», 1935);
«Bakylygyň taryhy» («Histoira de la eternidad», 1936.);
«Toslamalar» («Ficciones», 1944);
«Oýlap tapyşlar» («Atrificios», 1944);
«Alef» («El Aleph», 1949);
«Täze derňewler» («Otras inquisiciones». 1952)
«lşleýji» («El Hacedor», 1960);
«Şol bir beýleki» («El otro, el mismo», 1964);
«Alty tar üçin» («Para las seis cuerdas», 1965); .
«Kölegäniň öwgüsi» («Elogio de la sombra», 1969);
«Brodiniň habary» («E1 informe de Brodie», 1970);
«Gaplaňlaryň altyny» («E1 oro de los tigres», 1972);
«Çäge kitaby» («E1 libro de arena», 1975);
«Mukaddes bägül» («La rosa profunda», 1975);
«Demir şaýylyk» («La moneda de hierro», 1976);
«Gijäniň taryhy» («Histbria de la noche», 1977);
«Ýedi agşam» («Siete noches», 1980);
«Gizlin ýazgy» («La cifra». 1981);
«Dante hakda dokuz esse» («Nueve ensayos dantescos», 1982);
«Şekspiri hatyralap» («La memoria de Shakespeare», 1983);
«Atlas» («Atlas», 1984);
«Dildüwşüjiler» («Los conjurados», 1985).


BORHESIŇ MYNASYP BOLAN MILLI WE HALKARA EDEBIÝAT BAÝRAKLARY:

Argentinanyň Ýazyjylar birleşiginiň Baş Gran-pri baýragy (1944);
Argentinanyň edebiýat boýunça döwlet baýragy (1956);
«Formertor» Halkara neşirýat baýragy (Semuel Bekket bilen bilelikde) (1961);
Argentin sungatynyň milli gaznasynyň baýragy (1962);
Madonnina baýragy (Milan) (1966);
Latyn Amerikasynyň (Braziliýa) edebiýat baýragy, Nobel baýragyna dalaşgärlige hödürlendi (1970);
Edebiýat boýunça Iýerusalim baýragy (1971);
Alfonso Reýes baýragy (Meka) (1973);
Edgar Allan Po baýragy (1976);
Serwantes baýragy (Hernando Diýego bilen bilelikde) – ispan dilli ýurtlarda edebiýat ugry boýunça bitirilen hyzmatlary nazara alnyp berilýän örän abraýly baýrak (1979);
Fentezi bütindünýä baýragy (World Fantasy Award for Life Achievement) (1979);
Cino del Duka halkara edebiýat baýragy (1980);
Balsan baýragy – ylymda we medeniýetde gazanylan ýokary netijeler üçin berilýän halkara baýrak (1980);
Italýan Respublikasynyň baýragy, «Olýin Ýolisli» baýragy (Meka) (1981);
Edebiýatyň fentezi žanrynda döredilen eserler üçin berilýän Balrog baýragy. Ýörite baýrak (1981);
Etrurii baýragy (1985);
ABŞ-nyň edebiýat tankytçylarynyň milli baýragy (National Book Critics Award) (1999).

Şeýle-de Borhes dünýäniň örän köp ýurtlarynyň dürlu ordenlerine mynasyp bolan şahyrdyr.
16
61
perizadym
27 Awgust 2022
👍👍👍👍👍

👍👍👍👍👍
wolf
26 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.