RuníA
26.08.2022 23:09
«Ýandeks» täzelik agregatoryndan ýüz öwrer we täze baş sahypa hökmünde ya.ru ösdürer. Bu barada sişenbe güni, 23-nji awgustda kompaniýanyň metbugat gullugynda habar berdiler.

Media aktiwlerini — «Dzen-i» we «Täzelikleri» satmak boýunça geleşik ýapylandan soň, ya.ru gözlege, poçta we kompaniýanyň beýleki hyzmatlaryna, şol sanda ulanyjynyň «Ýandeks ID» şahsy otagyna hem girmegiň esasy nokady bolar — diýip, relizde aýdylýar.
Täze sahypanyň «özeni» «Gözleg» bolar diýip, kompaniýada düşündirdiler. Nämäni we nireden gözlemek üçin ya.ru-da uniwersal gözlegden peýdalanmak mümkin bolar.
Mundan hem başga, gözleg wertikallary diýilýänler işlär. Olar surat ýa-da haryt tapmaga ýardamçy bolarlar. Gyzyklandyrýan sowallara dessin jogap almaga Alisa kömek eder.
VK kompaniýasy «Dzeniň» we «Täzelikleriň» satyn alynýandygyny habar berdi. Geleşik 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýapylar diýip garaşylýar. Şondan soň VK-nyň tehnologiýalara we şol hyzmatlaryň haryt belgilerine hukugy bolar.
19
92
BaýramBejidow
27 Awgust 2022
RUNÍA, hawa
wolf
26 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
RuníA
26 Awgust 2022
Araňyzda Google-dan daşgary Ýandeks ulanýan barmy?
Relax
26 Awgust 2022
👍.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.