abdy_dayy
26.08.2022 08:43
AJY ÝOWŞAN HAKYNDA GYSGAJYK
Onuñ häsiýetleriniñ biri egin - eşikleri mör - möjeklerden goramakdyr. Ol syýanyñ reñkini üýtgetmän saklaýar we kagyza güýe düşürmeýär. Ajy ýowşan ýüzüñ renkini durlaýar, gözüñ aşagyndaky we teniñ beýleki ýerlerindäki gök tegmilleri aýyrýar. Onuñ sykylyp alnan suw - şiresi kellagyry döredýär. Ýöne men muny onuñ aşgazana zyýanly bolany üçindir diýip pikor edýärin. Suwa gaýnadylan ýowşanyñ bugy gulakda agyry dörände kömek edýär. Eger - de ýowşany soda garyp, kentlewüge goýsañ, ol haýyr edýär. Ol gulaklaryñ gabadyndaky çişlere we gulak agyrysynada hem - de gulakda iriñ akanda melhem bolýar. Eger ajy ýowşanyñ lötüni we sykylyp alnan şiresini her gün üç obol möçberde on günläp içseñ, ol işdäñi açýan ajaýyp serişdedir. Ýowşan şeraby aşgazany berkidýär. Eger ýowşan tüwi bilen gaýnadyp iýseñ, içege gurçuklaryny öldürýär. Ajy ýowşanyñ sykylyp alnan şiresi aşgazana ýaramaz täsir edýär. Bagyr, aşgazan we böwür agyranda, ýowşandan ýapgy etmeli. Ol bu organlaryñ agyrysyny köşeşdirýär. Ajy ýowşanyn, aýratyn - da sirke goşulan melheminiñ içilmegi içýan çakanda we kömelekden zäherlenilende peýdasy degýär. Egerde syýa tutulanda, ýowşan şiresi bilen garyşdyrsañ, şol syýan bilen hat ýazylan kagyzy syçan kertmeýär.
26
63
abdy_dayy
28 Awgust 2022
IDEALLIDER, esdip goremok
ideallider
28 Awgust 2022
Ýowşan a:tly oglanlar hem bar🙂👍
abdy_dayy
27 Awgust 2022
Милая.G,men adym esger soldat dal men
wolf
26 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Милая.G
26 Awgust 2022
Esger.80,esger bolup owrenmela zada girip bilyan bolsanyz ..mlds👍
abdy_dayy
26 Awgust 2022
CrAzY Girl, 🤫🤫🤒
abdy_dayy
26 Awgust 2022
CrAzY Girl, yokla yoneje 😎👍😉
abdy_dayy
26 Awgust 2022
CrAzY Girl, 🤨🤨🤨🤨🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.