Söýgi hem modadan gaçýar diýdiňmi?!
Hak aýtýaň söýgäde ýetipdir moda
Käbir gyz şu gün irden birini söýse
Ertir irden düşýär başga bir oda
Ýaşlar gazetinde okadym bir gün
Gurban diýen ýigidi söýüpdir bir gyz
Onsaň Şamyrady onsaň Igdiri
Häzirem söýýärmiş Gazak ýigdini
Ertir kimi söýjek belli däl heniz
Odisseý her kimde bir bolmalydyr
Çalşyp ýörmek bolmaž täze täzeden
Täze küýzäň suwy sowuk diýip
Içip ýormek bolarmy munça küýzeden
Önler söýgi hakda gürrüň açylsa
Gyzlaryň tarapyny çalardym hökman
Indi bolsa gyzlaryň käbirini görüp
Olaryň söýgi diýýän zadyndan gorkýan!
#Kerim Gurbannepesow...