Pygamberimiziň wepat bolmazdan öň aýdan käbir sözüne ünsüňizi çekýärin: “EÝ YNSANLAR! Meniň aýdýan sözlerimi üns berip diňläň. Anyk bilemok welin, belki-de mundan soňra siz bilen bu ýerde ebedi görnüşde duşuşyp bilmerin. ADAMLAR! Häzirki günleriňiz nähili mukaddes gün bolýan bolsa, häzirki aýlaryňyz neneňsi mukaddes aý bolýan bolsa, bu şäheriňiz (Mekge) nähili ajaýyp şäher bolýan bolsa, hut şonuň ýaly siziň janyňyz, malyňyz, namysyňyz hem mukaddesdir, olar her hili talaňçylykdan goralyp saklanmalydyr.”