Keç ykbaly aýdym bilen bezedim,
Güller bilen arzuwlarmyň mazaryn.
Çary Ýegenmyradow
******
Ahmyr bilen boýun almaly boldum,
Geçen günleň gaýdyp gelmejegini
Sowuklyk ornaşyp başlanda bildim,
Kalbym welaýatma meňzejegini
Arzuwlarmyň mazaryna gül goýdum,
Geçen hepde sowanymda kyrkyny
Bagtyň sazyn çaljak Orkestrimem
Meniň gezegimde galdy - irkilip
Özgeler geljegne ýöreýän bolsa,
Beýnim geçmişime gatnaýan boldy
"Gussalyk" çaýyna - "Şatlyk" gandyndan
atjakdym, hiç dükan satmaýan boldy
Hamsygyp galsa-da ýetim duýgular,
Ajap günler üçin - bakarlar gapa
Sabyr käsäm entek dökülmez, ýöne...
Iru-giç gapym kakylarmyka?!
Ylham GURBANALYÝEW