awesome
24.08.2022 12:19
"DÜNÝÄNIŇ GÖZEL ŞÄHERLERINIŇ DIŇE ÝEKEJESINI GÖREN ADAM, DIŇE ÝEKEJE ŞÄHERLIK GÜRRÜŇ EDIP BILER..."

Bir ýaş şahyr şeýle diýdi: "Başga şahyrlaryň kitaplaryny köp okamak meniň goşgularyma zyýan ýetirýär: men olaryň täsirine düşýärin-de, şondan çykyp bilemok".
Ýok, bu beýle däldir. DIŇE AZ OKAÝAN ADAMLAR TÄSIRE DÜŞERLER HEM-DE ŞONDAN ÇYKYP BILMEZLER.
Beýle ýaş şahyrlaryň howsalasy maňa düşnükli. Olar Garsiýa Lorkany okap iki goşgy, Trýapkini okap - dört goşgy, Rilkäni okap sekiz goşgy ýazýarlar.
Ýöne olar hem-ä şol şahyrlary okasalar, onuň daşyndan-da türkmen, rus, dünýä edebiýatynyň iň ajaýyp eserlerini gaýtadan hetjikläp, şondan soň bir goşgy ýazsalar onda olar hiç haýsynyň täsirine düşmezler.
Bu adaty durmuşda-da şeýledir. Dünýäniň gözel şäherleriniň diňe ýekejesini gören adam, diňe ýekeje şäherlik gürrüň edip biler. Ýüzlerçesini gören adam - ýüz esse baýdyr.

Kerim GURBANNEPESOW
18
57
wolf
24 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.