ylham_gurbanaly
24.08.2022 09:33
*****
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz.

                                      Çary Ýegenmyradow
*****

Indi duýgulardan haraý tapmaryn,
Telbe kimin söýenimem peýdasyz
Bir ýyla meňzedip her geçen güni,
Ýaralanyp ýatdym - söweş meýdansyz

Dälilik hetdine ýetdim-le welin,
Gitmedim aklymdan asla azaşyp
Şatlykdan, söýgüden gazan dolduryp,
Bagty bişirjekdim, gussa az goşup

Näme artyk boldy, näme-de kemter?
Bagt diýip edenim bulamak boldy
Deňje başarmadyk, şonuň üçinem
Dilegimde bagtyň dilemek boldy

Bagtymyz biten ýer güllesin gitsin
Bolmasyn gyzdyr-u-ogul gamymyz
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz.


Ylham GURBANALYÝEW
9
66
ylham_gurbanaly
24 Awgust 2022
CrAzY Girl, derrew ýüz üýtgeýäle))
wolf
24 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
ylham_gurbanaly
24 Awgust 2022
CrAzY Girl, otur dogan, otur))
janan
24 Awgust 2022
CrAzY Girl,Soygin yok yerinde dogulmagymyz)
Aýgül🌙⚘
24 Awgust 2022
👍👍👍👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.