ylham_gurbanaly
23.08.2022 13:27
Kakasyndan taýak iýen çaga deý,
Göwnüm bir zatlara hamsykdy şugün
(Ýere sokduň, mydam pylçadyň, ýördüň-
diýe aglamjyrap dillendi göwün)

Özge göwne bolsa-bolsun etdim men
Hemmesi-de geçdi-gitdi gelşine
Göwnüm batgalyga çümdi-le welin,
Çykarmadym Gimalaýyň gerşine

Käteler edilen zerur ýagşylyk,
Ýaşamady kebelegiň ömriçe
"Haýyr bolsun" diýe, oturdym,
dymdym.
Kabul etdim Ýaradanyň emriçe

Aý, garaz, mertlige meňzetdim, ýördüm
Göwün yzasyndan ejir çekeni
Diňe göwnüň bilen iş salşyp ýörseň,
Adam öz-özüni iýjek ekeni...


Ylham GURBANALYÝEW
7
83
ylham_gurbanaly
24 Awgust 2022
Alfons, hawa, bilýän. Ýöne oýun edip aýdaýanda, goç süsenmi diýip:)
Relax
24 Awgust 2022
Süsen bu türk seriýaldaky bir at bolup asyl manysy iris atly bir gülüñ görnişi
ylham_gurbanaly
24 Awgust 2022
Милая.G, goya) Köwser, 👏👏👏
Милая.G
23 Awgust 2022
YGurbanaly23,😂😂😂goç yadyma dusya diyyanmi...dilimdakini aldyñ
ylham_gurbanaly
23 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, öňem okansyňyz) Süsen, birhili sizi görsem goç ýadyma düşýä:))
gulshatayewa97
23 Awgust 2022
Birhili tanyş setirler🤔
ylham_gurbanaly
23 Awgust 2022
CrAzY Girl, hawa)
wolf
23 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.