ylham_gurbanaly
23.08.2022 00:43
*****
Saňa bir aýdym ýazdym, söýgüliň bilen diňlärsiň..   (Türk aýdymyndan)
*****

Seretmän hiç geçýän pasla
Şygyr ýazdym salyp waspa
Ýatlama ýatyrmaz asla
Geçmişiňe bakar ýaly

Getiren ylham joşuny-
Unutman göz-u-gaşyňy
Diledim her gözýaşyňy
Diňe bagtdan akar ýaly

Bar pikriňi serde jemle
Ýa bolmasa ýürek diňle
Adymy bir ýere belle
Ogluň bolsa dakar ýaly

Bolsakda bir ýürek, bir ten
Ne sen ýazykly, ne-de men
Geljegi öňden etdik çen
Her kim bagtyn çokar ýaly

Arzuwlarmy tüýt-müýt etmen
Del hyýala göwün sürtmen
Diňe bulut bolup ötmen
Bir gün güneş çykar ýaly

Ýalňyzlygy men çekerin
Gussa baga gam ekerin
Toýuňda oýnap bökerin
Garny doýan tokar ýaly

Kä yza, kä öňe ozdum
Yşgyň köçesinde tozdum
Indem şu goşguny ýazdym
Ýaryň bilen okar ýaly


Ylham GURBANALYÝEW
14
90
Myhman Myhman
1 Sentýabr 2022
👏👏👏👏👍👍
Janin
23 Awgust 2022
Gaty gowy gosgy
ylham_gurbanaly
23 Awgust 2022
Gülhan, belki)
wolf
23 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Gülhan
23 Awgust 2022
YGurbanaly23, Görnüşe görä sen menden beter)
ylham_gurbanaly
23 Awgust 2022
Gülhan, çalşyp görelimii😂😂😂😂😂
Gülhan
23 Awgust 2022
YGurbanaly23, beyni ol işlere hiç ugrugyp bilenok dürüsli)
ylham_gurbanaly
23 Awgust 2022
Gülhan, nasos diňlemeýä😊😁)
Gülhan
23 Awgust 2022
YGurbanaly23, diýmesine diýdn weln, yürek öz sozumi diñlanok hatda)
ylham_gurbanaly
23 Awgust 2022
Gülhan, heýt, men saňa näme diýipdim)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.