Wagt bilen bagly 12 syr
1..Işlemäge wagt tapyň — bu üstünligiň bahasydyr.
2..Oýlanmak üçin wagt tapyň — bu güýç-kuwwatyň gözbaşydyr.
3..Oýnamak üçin wagt tapyň — bu ýaşlygyň — juwanlygyň syrydyr.
4..Okamak üçin wagt tapyň — bu bilimleriň düýp esasydyr.
5..Ybadat üçin wagt tapyň — bu halallyk ýoludyr.
6..Dostluk üçin wagt tapyň — bu bagtyň gözbaşydyr.
7..Söýgi-mähir üçin wagt tapyň — bu durmuşyň mukaddes peşgeşidir.
8..Arzuw etmäge wagt tapyň — diňe şeýle ýagdaýda ruh ýyldyzlara ulaşyp biler.
9..Gülki üçin wagt tapyň — ol durmuşdaky kynçylyklardan baş alyp çykmaga ýardam eder.
10..Gözellik üçin wagt tapyň — ol çar ýanymyzda näçe diýseň bardyr.
11..Saglyk üçin wagt tapyň — bu durmuşyň ýeke-täk genji-hazynasydyr.
12..Planlaşdyrmak üçin wagt tapyň — bu ýokarky 11 iş üçin nädip wagt tapmalydygynyň syrydyr.