Sagdyn durmuş
Adamyň bedeniniň temperaturasy nähili bolmaly?
Adam ýylylyksyz ýaşap bilmeýär. Adam bedeniniň temperaturasynyň bir kadada saklanmagy örän möhümdir. Bedeniň içki agzalarynyň temperaturasy deriniňkiden ep-esli ýokary bolýar.
Bagryň temperaturasy iň ýokary 38 gradusa deňdir.
Iň pes temperatura aýaklaryň barmaklarynda hasaba alnandyr.
Goltugasty oýtumda temperatura 36-37 gradus aralykda bolup, bu görkezijiniň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy hem mümkin.
Adam bedeniniň temperaturasy howanyň temperaturasyna, çyglylygyna, hereketiň tizligine, myşsalaryň işjeňligine, deriniň çyglylygyna, adamyň ýaşyna, geýýän geýim-gejimine bagly üýtgäp durýar.
Gartaşan ýa-da gojalan adamlarda bedeniň temperaturasy orta ýaşly adamlardaka seredeniňde pes bolýar. Irki çagalyk döwründe bu görkeziji durnuksyz bolup, çaganyň fiziologiki ýagdaýyna baglylykda, üýtgäp bilýär.
Adam bedeni mydamalyk temperaturany saklamak üçin gije-gündiziň dowamynda 200 kkal energiýa sarp edýär. Bedeniň temperaturasynyň kadaly ýagdaýdan sähelçe peselmegi hem immunitetiň gowşamagyna getirip bilýär.